AŞGABATDA ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN FORUM GEÇIRILDI

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan iki günlük sergisi we “Sanly ykdysadyýet-ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Giň möçberli sergi ykdysady ösüşiň we türkmen halkynyň durmuş hem-de ruhy ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriniň özboluşly ýylýazgysyna öwrüldi. Bu çäre halkymyzyň özboluşly medeni mirasynyň baýdygyny äşgär etdi.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň.hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli çärä gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Watanymyzyň nurana geljegini üpjün eden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň, ykdysady we durmuş üstünliklerimiziň mizemez binýadydygy barada aýdylýar.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içer hem-de daşary syýasatymyzyň, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiziň we düýpli özgertmelerimiziň beýik maksada-Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendigini belleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow serginiň we maslahatyň ýurdumyzyň ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda gazanýan üstünlikleri bilen giňden tanyşmak üçin ygtybarly çärä öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Bu gezekki gözden geçirilişde onlarça fiirmalar we kompaniýalar, hususy telekeçiligiň wekilleri häzirki mümkinçiliklerini, geljekki ösüşini görkezmek bilen, 70-den gowrak bölümleriň üsti bilen öndürýjn önümleriniň ýokary hil derejesini we dürli görnüşli hyzmatlaryny hödürleýärler.

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda guralýan serginiň ähmiýeti has-da ýokary boldy. Bu ýyl ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýar.

Taryhy taýdan gysga döwürde—mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde iri möçberli taslamalar durmuşa geçirildi, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy we bu ugurda ýerine ýetirilýän işler okgunly dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän maýa goýum syýasaty netijesinde, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar we köp ugurly esasda ösdürilýär. Şeýle hem önüimçilige öňdebaryjy usullar we netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty berkidildi, degişli durmuş, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik düzümleri döredildi.

Bu gezekki sergi diňe bir gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ykdysady ulgamynyň düzümleýin bölümleriniň, maliýe-bank, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk pudaklarynyň,hem-de ähli ugurlarda işjeňlik görkezýän hususy kärhanalaryň ägirt uly kuwwatyny äşgär edýär. Şonuň bilen baglylykda, täzeçil tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik we eksport maksatly önümleriň mukdaryny artdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär.

... Serginiň zallarynda baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Milli lybasdaky gyzlar sergä gatnaşyjylara milli nygmatlary hödürleýärler. Ägirt uly monitorlar, döwrebap wideotehnikalar we dürli yşyklar bilen enjamalaşdyrylan bannerler serginiň diwarlaryny bezeýär.

Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk ulgamy hasaplanylýan ýangyç-eneprgetika toplumynyň bölüminde görkezilýän dürli görnüşli gymmatlyklar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

“Türkmengaz” , “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň bölümlerinde “Galkynyş” ägirt uly gaz känini işläp taýýarlamagyň iri möçberli taslamalarynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylyşy, arassalanan harytlyk gazyň önümçiligi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan iri gaz magistralynyň gurluşygy barada giňişleýin gürrüň berilýär..

Sergä gatnaşyjylara nebit hem-de gaz ýataklarynyň özleşdirilişi we işlenip taýýarlanylyşy, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ugratmagyň hereket edýän ugurlary hem-de meýilleşdirilýän eksport meýilnamalar, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň we minerallaryň erasty känleri barada aýdyň düşünje berilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň bölümlerinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary arkaly himiýa senagatynyň sazlaşykly ösüşi, halk hojalygyny üpjün etmek maksady bilen mineral dökünleriň önümçiligi, nebiti we gaz önümleriniň birnäçe görnüşleri we ýokary hilli gurluşyk serişdeleri görkezilýär.

Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenistanyň çäginde bar bolan tebigy serişdeleriň binýadynda taýýarlanylýan himiýa önümçiligine degişli önümleriň, şol sanda ýerasty ýod-brom suwlarynyň, Garabogazköl aýlagynyň baýlyklary, kaliý känleri we beýlekiler has-da artdy.

Mundan başga-da, kaliý dökünleriniň, garyşyk dökünleriň, tehniki uglerodyň, etil spirtiniň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşyklarynyň taslamalaryny amala aşyrmakda gazanylýan üstünlikler görkezilýär. Şeýle hem häzirki döwürde kaustik hem-de kalsinirlenen sodanyň, hloruň, duz kislotasynyň, sulfat natriniň we ýerli tebigy-mineral serişdelerden taýýarlanylýan himiýa önümleriniň önümçiligi boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylýar.

Şeýle hem şu günki serginiň maksatlarynyň biri geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa serişdelerini çekmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä aýratyn ähmiýeit berýär. Suwuklandyrylan gazyň, karbamidiň we tebigy gazdan öndürilýän ammiagyň, grafitden taýýarlanylýan elektrodlaryň önümçiligi boýunça kärhanalar himiýa senagatyna degişli bolup durýar.

Ýurdumyzda iri halkara hem-de sebit deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ugurlary boýunça çykalgalary bolan howa hem-de ýerüsti gatnawlary birleşdirýän garyşyk ulag ulgamy döredilýär.döwlet Baştutanymyz başlangyjy boýunça aragattnaşyk hem-de ulag ulgamynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalar hakynda “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň bölümlerinde giňişleýin maglumat berilýär.

Sergide ýol gurluşygy boýunça aýratyn bölüm döredilipdir. Bu gün döwrebap ýokary tizlikli ulag ýollary, köprüler, köp zolakly aýlawly ýollar guralýar. Şolaryň gurluşygy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täzeçil tehnologiýalary talap edýär. Şonuň üçin hem sergide ýurdumyzyň esasy ýollarynyň ugrunda köprüleriň, köp zolakly ýollaryň gurluşygy kompaniýalarynyň bölümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem bu ýerde logistik ugurly kompaniýalaryň işleri görkezilýär. Olar bu ulgamda iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Köpsanly kompaniýalar täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, iri göwrümli ýükleri daşamak boýunça öz mümkinçiliklerini aýan edýärler.

Ugurdaş düzümleriň, pudagyň örtük daşlaryny, sement, kerpiç, dürli bloklary, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümlerini, armaturlary, demir önümlerini, bezeg serişdelerini, boýaglary, örtük serişdelerini, santehnika, elektrotehnika degişli önümleri öndürýän iri kärhanalarynyň görkezýän gymmatlyklary ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik diňe bir importyň umumy möçberlerini azaltman, eýsem, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge-de şert döredýär.

Obasenagat toplmyna degişli bölümlerde çörek we un önümleriniň, pagtanyň, hem-de ekerançylyk meýdanlarynda, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, gurlan ýyladyşhana hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilen gök we miwe önümleriniň örän köp görnüşleri görkezilýär.

Şolarda “Ak daş miwe içgileri” , “Eçil”, “Joş” söwda nyşanly içgileri, ballaryň dürli görnüşleri, “Bereketli”, “Özgeriş”, “Elin” hem-de “Salkyn” hususy kärhanalarynyň şöhlat, süýt we peýnip önümleri bar. Tagamlylygy hem-de ýokary hili bilen türkmenistanlylaryň arasynda meşhurlyk gazanan “Hasar” süýji-köke önümleri bölümde möhüm orun eýeleýär.

Diýarymyzyň bazarlarynyň azyk bolçulygyny aýan edýän bu görnüşler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça adamlaryň abadançylygynyň üpjün edilmegine,hem-de saglygynyň goralmagyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýandygyna güwä geçýär. Önümleriň hemmesi halkara ölçegleriniň talaplaryna hem-de ekologiýa ýagdaýyna laýyklykda, gaplanypdyr we göze gelüwli bezeg derejesinde hödürlenilýär.

Azyk howpsuzlygyny we içerki bazarlary halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek wezipeleriniň çözülmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýet berýär. Welaýatlaryň taýýarlan bölümleri, her sebitiň özüniň mahsus aýratynlyklaryny,öndürýän önümleriniň özboluşlylygyny görkezýän gymmatlayklar Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini has aýdyňlygy bilen subut edýär.

Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň öňdebaryjy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini görkezdi. Nah hem-de ýüpek matalaryň, tikin we önre önümleriniň dürli görnüşleri ýokary hilli, ajaýyp bezegi, milli öwüşgünleri bilen tapawutlanýar.

Paýtagtymyzda ýakynda ýöriteleşdirilen dükanalaryň nobatdaky birnäçesinniň açylandygyny bellemek gerek. Şolarda ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli, içeri we daşary bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleri alyjylara hödürlenilýär.

Serginiň çäklerinde owadan nagyşly halylar, dürli öwüşgünli şaý-sepler, ýüpek matalar we el hünäriniň nagyşly önümler, dürli göwrümdäki bezegli küýze önümleri, çeperçilik serişdeleri hem-de özboluşly sowgatlyklar görkezilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri ýok edendiginiň ykrarnamasy hakyndaky halkara güwänamalarynyň nusgalaryny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyndaky üstünliklerdäki ägirt uly işlerini nygtamak zerurdyr. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýiti ýokanç kesele garşy göreşmek maksady bilen geçirilýän halkara sammitlerine işjeň gatnaşýandygy munuň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylyň maý aýynda Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine gatnaşyp, ylmy diplomatiýany ilerletmek başlangyjyny öňe sürdi we alym-lukmanlaryň halkara Geňeşini döretmegi teklip etdi.

Türkmnistanyň COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek babatda halkara tagallalaryna goşandynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktoryna iberen hatynda ýurdumyzyň bu ugurda amala aşyrýan toplumlaýyn çäreleri baradaky maglumat beýan edildi. Şol hat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň möhüm resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Ýene-de sergi baradaky gürrüňimize dolanyp, köp görnüşli derman önümleriň, dürli gurallaryň, lukmançylyk gorag lybaslarydyr agyz-burun örtükleriniň, hyzmatlaryň, tebigy kosmetiki serişdeleriň we beýlekileriň bu bölümde möhüm orun eýeleýändigini belläp geçeliň. Lukmançylygyň dürli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýan täzeçil işläp taýýarlamalar, ýokary derejeli kompýuter tehnologiýalary hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär.

Paýtagtymyzyň häkimliginiň bölümleri bu gün eziz Diýarymyzyň ähli şäherleriniň baş bezegine öwrülen dürli güller we bag nahallary bilen bezelipdir. Bu ýerde dürli maksatly döwrebap edara binalarynyň we ýokary amatly ýaşaýyş jaýlarynyň nusgalary görkezilýär.

Hususy pudagyň wekilleri halk hojalygy toplumynyň köpsanly önümçilik pudaklarynda ýurdumyzyň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmak arkaly öz orunlaryny barha pugtalandyrýarlar.

Diýarymyzyň telekeçileri hem-de haryt öndürijileri oba hojalygy, azyk senagaty, dokma we mebel önümçiligi, poligrafiýa işi, häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, senagat kärhanalarynyň gurluşygy ýaly ugurlarda işjeňlik görkezýärler.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň kuwwatyny görkezýän bölümde olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde alyp barýan işleri beýan edilýär. IT tehnologiýa ulgamynda iş alyp barýan iri kompaniýalar sergide möhüm orun eýeleýär.

Sergide telekeçileriň gurluşyk ulgamynda alyp barýan işlerine giň orun berilýär. Bu gün ýurdumyzyň işewürlerine döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde, şol sanada Aşgabady abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly iri sargytlary ýerine ýetirmek ynanylýar. Olar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, Diýarymyzyň şäherleriniň we obalarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw we beýleki desgalaryň gurluşyklarynda işjeňlik görkezýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ägirt uly gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, kottejleriň giden tapgyrlaryny, seýilgäh zolaklaryny, edara ediş-işewürlik merkezleri gurýarlar, raýat awiasiýasyna degişli giň möçberli düzümleýin taslamalary amala aşyrýarlar.

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli ulag ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary iri döwlet sargytlarynyň hatarynda durýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän mebel toplumyna degişli kärhanalar, “Aýbölek” fabrigi öz gazanýan üstünliklerini we mümkinçiliklerini görkezýärler. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürip başlan durmuş tehnikasynyň nusgalary bilen tanyşmak bolýar.

Ýurdumyzyň häzirki zaman poligrafiýa we neşir itgşlerini görkezýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bölümi sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda we dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi bilen daşary döwletlerde uly meşhurlyk gazanan kitaplary aýratyn orun eýeleýär.

Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, bank ulgamynyň we ätiýaçlandyryş guramalarynyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde degişli ugurlarda gazanylýan üstünlikler görkezilýär. Sport, syýahatçylyk ugurlaryna degişli bölümleriň ýany köp adamly boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy özüniň iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny,täzelikleri görkezdi, Mysal üçin Himiýa institutynyň işgärleri izopropil spirti öndürmegiň usulyýeti bilen tanyşdyrdylar, bu önümi ozal döwletimiz daşary ýurtlardan satyn alýardy.

Indi önümiň bu görnüşini ýurdumyzda öndürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunda oba hojalyk we senagat işleriniň galyndylaryndan hem ony öndürmek bolar, bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli arazanladar.

Izopropil spirtiniň antiseptik we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň önümçiliginde ulanylýandygy göz öňünde tutulanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ylmy işläp taýýarlamanyň ähmiýeti häzirki emele gelen ýagdaýy hasaba almak bilen, wirus we ýokanç keselleriniň öňüni almakda örän möhümdir.

Ynsanperwer ulgamynda ylmy işlän taýýarlamalaryň hatarynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan gadymy şäherlerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende alymlaryň ýüze çykaran taryhy tapyndylary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergide şähergurluşyk we senagat ulgamy, ýol-ulag düzümleri pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan daşary ýurt guramalary hem-de kompaniýalary öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlaryň edýän işleri bölümiň özenini düzýär.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň hatarynda “Gap Inşaat”, “Sumitoma Corparation”, “Çalik Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” ýaly düzümler bar. .

Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan “Sanly ykdysadyýet –ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze tapgyr bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş –ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýöredýän anyk, düýpli oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde oňa geçmek mümkiin boldy. Ol diňe bir oňyn durnukly ösüşi üpjün etmän, eýsem, dünýäde emele geolen üýtgemelere çalt uýgunlaşmaga, daşary ýagdaý zerurly ýüze çykýan töwekgelçilikleriň peselmegine şert döredýär.

Maslahatda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, durmuş goraglylygy, ýurdumyzyň milli statistikasyny döwrebaplaşdyrmak we tehnologik ösüşi üpjün etmek babatda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti, sanly bilimi ösdürmegiň zerurlygy hakyndaky çykyşlar diňlenildi.

Maýa goýum serişdelerini ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, ýokary tehnologiýaly, täzeçil pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şunda, maliýe ulgamyna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň arasynda maliýe serişdeleriniň çeýe we netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek durmuş maksatly wezipeleriň çözülmegini, maýa goýum ýagdaýynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny we durnukly ykdysady ösüşe goldaw berilmegini hem-de ähli pudaklaryň öňdebaryjy tehnologiýalara yzygiderli geçirilmegini üpjün eder.

Maslahata ýygnananlar milli Liderimiz tagallasy netijesinde, döwlet tarapyndan oňyn şertleriň döredilýändigini, şol şertleriň bolsa toplumlaýyn we ulgamlaýyn esasda sanly ykdysadyýete geçmek wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, işiň köp derejeli we ählumumy häsiýete eýe bolmagy sanlylaşdyrmagyň esasy netijesi bolup durýar.

Maslahatyň ýapylyş dabarasynda maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenma kabul etdiler.

Onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk senesine bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň we “Sanly ykdysadyýet – ykydysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyna ýardam berendigi üçin milli Liderimize alkyş sözleri aýdylýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14859