TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI ZHONGGUANCUN-2020 FORUMYNYŇ MEÝDANÇALARYNDA DUŞUŞYKLAR GEÇIRDILER

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihansynyň söwda wekili Ş. Batyrow we diplomatik wekilhananyň ikinji sekretary S. Şyhyýew Pekinde geçirilen Zhongguancun-2020 (ZGC) forumyň çäklerinde guralan «Intellekt + ulag» söhbetdeşlik meýdançasynyň işine gatnaşdylar.

Hytaýyň ylym we tehnika boýunça assosiasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän ZGC meýdançasynda adaty we onlaýn görnüşde tutuş dünýäden bilermenler we alymlar, telekeçiler we maýadarlar, döwlet gullukçylary we diplomatlar, halkara guramalarynyň wekilleri we öňdebaryjy akademiki institutlaryň ýolbaşçylary ideýalary alyşdylar hem-de ählumumy ylym, saglygy goraýyş, durnukly ösüş, innowasiýalar, telekeçilik, şäher giňişligini guramagyň döwrebap tehnologiýalary, ulag ulgamynyň sanlaşdyrylmagy ulgamlarynda işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar. Şu ýyl ZGC Forumy ilkinji gezek Pekiniň ýokary tehnologiýalar halkara sergisi bilen bu çäreleri bilelikde gurady.

Türkmen wekilýeti köpugurly sergi bilen tanyşdy we telekommunikasiýa tehnologiýalary, robottehnikasy, saglygy goraýyş, innowasiýalar we beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen duşuşyklar geçirdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14873