WATANYMYZYŇ ŞANYNA AÝDYM-SAZLY DABARA

Şu gün agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Çykyşlara sahna ýyldyzlary, ýaş hem-de ussat estrada aýdymçylary, halk döredijilik we tans toparlary, Döwlet hory, «Altyn asyr» orkestri, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Olar öz eserlerinde çeper keşbiň üsti bilen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda durmuşa geçirilýän ähli işleri beýan edýärler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, medeniýeti ösdürmek, sungaty kämilleşdirmek jemgyýetiň jebisliginiň özenidir, çünki medeniýet halkyň kalbydyr, milletiň mertebesidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin has amatly şertler döredildi, munuň özi olara halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan döwrebap eserleri döretmäge mümkinçilik berýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan şu günki konsertde hem aýdym-saz we tans toparlary ýokary ruhubelentlik bilen öz zehin-başarnyklaryny görkezdiler.

Konsert Watanymyza bolan belent buýsanç bilen ýerine ýetirilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen başlandy. Diýarymyzyň Garaşsyzlygyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan watançylyk aýdymlary ýaňlandy.

Baýramçylyk maksatnamasyna türkmen operalaryndan ariýalar hem-de milli şygryýetiň nusgawy şahyrlarynyň eserlerinden düzülen aýdymlar girizildi. XX asyryň görnükli şahyrlary Kerim Gurbannepesowyň hem-de Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen aýdymlar halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýär. Halk sazlarynyň we küştdepdi tansynyň gaýtadan işlenilen täze görnüşleri görkezildi.

Döwlet tans topary hem-de «Serpaý», «Aşgabat», «Galkynyş», «Näzli», «Meňli» tans toparlary sahnada häzirki döwrüň we geçmişiň edebi öwüşginlerini beýan etdiler.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Garaşsyz Watanyň şany, Arkadag!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Onda döwlet Baştutanymyza, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ajaýyp geljegine bolan hoşallyk sözleri we iň gowy arzuwlar beýan edildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dürli öwüşginli feýerwerkler asmany bezedi. Asmanda gümmürdän köpöwüşginli feýerwerkler ýurdumyzda dowam edýän dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14896