TÜRKMEN-ÖZBEK ONLAÝN DUŞUŞYGYNDA ÝAŞ DIPLOMATLARY TAÝÝARLAMAKDA HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň öwrenilmegi, ýaş diplomatlary taýýarlamagyň meseleleri, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparynyň barşynda gol çekilen «Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň» ýerine ýetirilişiniň depgini onlaýn görnüşinde geçirilen “tegelek stoluň” barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga iki ýurduň Ilçileri Ý.Mämmedow we A.Kuçkarow, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň (DYDU) ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary institutlaryň köpugurly işleri, olaryň düzüm birliginde geçirilen özgertmeler hem-de barha giňelýän mümkinçilikleri hakynda habar berdiler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda global pandemiýa şertlerinde onlaýn tehnologiýalary arkaly okuw hem-de ylmy işleri guramagyň tejribeleriniň alyşylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi häzirki wagtda Özbegistanda iki müňe golaý türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny belläp geçdi hem-de bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda gürrüň berdi, şonuň ýaly-da şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine görülýän taýýarlyklar dogrusynda habar berdi.

Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçisi doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň taryhy kökleri barada gürrüň bermek bilen, iki ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk babatynda, hususan-da sebit we halkara syýasaty boýunça ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň öňe süren başlangyçlaryna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramak boýunça işjeň teklipleri orta atdy.

“Tegelek stoluň” çäklerinde işjeň ýagdaýda geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda talyplaryň, magistrantlaryň, mugallymlaryň, şonuň ýaly-da ylmy neşirleriň özara alyşylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, bilelikdäki barlaglaryň durmuşa geçirilmegi, onlaýn görnüşinde ylmy maslahatlaryň we okuw sapaklarynyň geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.

https://neutrality.gov.tm/news/100/