Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Iki gatly kottež jaýlaryň we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň günorta künjegine boldy Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirkiaman durmuş düzümi bolan desgalaryň täze toplumy emele geldi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2015-nji ýylyň maý aýynda badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şol ýylyň aprel aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýurdumyzyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk kärhanalarynyň arasynda ähli amatlyklary bolan hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlaryny taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde Seýdi hem-de Mollanepes köçeleriniň ugrunda döwrebap binalar we düzümleýin desgalar guruldy.

Kottež jaýlar toplumy köpugurly “Aşgabat” stadionynyň we ýakynda açylan golf-klubunyň ýanynda ýerleşýär.

Türkmenistanlylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän ýeňillikli karz serişdeleri şäherleriň we obalaryň ilaty üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etdi. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy netijesinde, Aşgabatda her ýylda müňden gowrak maşgalalar täze jaýlara göçüp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýokary amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, ýokary derejede kottež jaýlaryny gurmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi raýatlaryň häzirkizaman talaplaryna, her bir adamyň islegine laýyk gelýän amatly jaýlary saýlap almaga bolan mümkinçiliklerini artdyrýar.

Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylandygyny bellemeli. Häzirki döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşant goşýarlar. Gurluşyk pudagy senagatçylar düzüminiň iň sazlaşykly ösýän ugurlarynyň birinе öwrüldi.

... Dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler hem-de işewürler we şäheriň köpsanly ilaty ýygnandy.

Hemmeler hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar. Döredijilik toparlary we belli aýdymçylar baýramçylyk öwüşginli aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Milli Liderimiz bu ýerde guralýan dabaralara gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlar bilen häzirki çäreleriň ähmiýeti hakynda pikir alyşdy. Şeýle hem gürrüň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni hakynda boldy. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýdyp, Garaşsyz we Bitarap ýurt bolan Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gatnaşyklar üçin açykdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli çärelere işjeň gatnaşýandyklary üiçn daşary ýurtly diplomatlara minnetdarlyk bildrdi we Türkmenistanyň sebitde hem-de tutuş dünýäde dunukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrundaky ählumumy tagallalara goşant goşmak arkaly, beýleki döwletler bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdalla Al Adab Al Zarouny her bir ýurduň döwlet gurluşynda öz usulynyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda saýlap alan ugrunyň diňe bir durmuşa ukyplylygyny däl, eýsem, onuň netijeliliginiň ýokarlanýandygyny iş ýüzüde subut edendigini nygtady. Muny ýüzlerçe maşgalalaryň birbada täze jaýly bolmagy mynasybetli guralan dabaralar has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen binalar toplumynyň toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçuryldy.

Jaýlaryň öňündäki meýdançada baýramçylyk çykyşlary boldy. Medeniýet we sungat ussatlary türkmen toýlaryna mahsus çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz köçäniň ugrunda gurlan desgalary synlap başlady. Her jaýyň derwezesiniň açylyp, onda baýramçylyk dabaralarynyň barha belende göterilýändigi görünýär. Şol ýerde öý eýeleiniň garyndaşlary, dost-ýarlary şatlanýarlar. Myhmanlar howluda gurnalan sekilerde ýerleşip, ajaýyp dessurlara laýyklykda toý tagamlaryndan dadýarlar.

Iki gatly kottež jaýlarynyň birine göçüp gelen bagtyýar maşgala agzalary milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan asylly başlangyçlarynda uly üstünlik arzuw etdiler.

Soňra bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öýe girdi we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Täze jaýyň eýesi telekeçi bolup, onuň maşgalasy mugallym bolup işleýär Olaryň dört çagasy - üç gyzy, bir ogly bar. Gyzlaryň ulusy şu ýyl Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine okuwa giripdir.

Öý eýeleri milli Liderimizi türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyk garşyladylar. Öýüň töründe toý saçagy giňden ýazyldy. Maşgala agzalarynyň kalplarynda şatlyk we çuňňur hoşallyk duýgulary gaýnap joşýar.

Şeýle hem öý eýesi Hangeldi Atakgaýew özi, alyp barýan işi barada gürrüň berip, ýurdumyzda adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy ugrunda giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, telekeçilik ulgamynyň ösdürilýändigini aýtdy hem-de hususy ulgamyň işine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Maşgalanyň körpeleri mähriban Watanymyzy, halkymyzyň milli Liderimiz bilen bütewüligini we hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň kuwwatynyň, şöhratynyň artmagy, gülläp ösmegi ugrunda edýän ýadawsyz zähmetini goşgy setirleriniň üsti bilen wasp etdiler.

Milli Liderimiz çagalar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň okuwlary we arzuwlary, geljekde haýsy hünäri saýlap aljakdyklary bilen gyzyklandy. Soňra döwlet Baştutanymyz öý eýesine nirede ýaşandygy baradaky sowal bilen ýüzlendi. Olara amatly kottež jaýyna göçüp gelmänkä alty adam bolup darajyk öýlerde ýaşandyklaryny aýtdylar. Olaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak baradaky arzuwy ilki başky 30 göteriim tölegi bolan on ýyllyk karz serişde almaklary bilen hasyl bolýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşýan daşary ýurtly ilçileriň täze jaýlarda döredilen şertler hem-de mümkinçilikler baradaky pikirleri bilen gyzyklandy we Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň ähli özgertmeleriň esasynda durýandygyny belledi.

Daşary ýurtly ilçiler Türkmenistanda işlän döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin döwlet tarapyndan alada edilýändiginiň şaýady bolýandyklaryny nygtadylar.

Milli Liderimiz kottež jaýlarynyň gurluşygynyň halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilýändigini belledi. Çünki käbir adamlar belent jaýlarda ýaşamaga, käbirleri bolsa howlusy bolan özbaşdak öýlerde ýaşamaga hem-de howluda hojalyk işlerini ýöretmäge isleg bildirýärler. Iri şäherlerde-de beýik bolmadyk hem-de öz kiçigöwrümli mellegi bolan jaýlaryň bolýandygy, şunda, häzirki döwürde şäher mümkinçilikleriniň adamlaryň islegine we talaplaryna laýyk gelmegi adaty ýagdaýdyr. Häzirki döwürde paýtagtymyzda adamlaryň islegleri göz öňünde tutulýar. Olar gün-günden gözelleşýän Aşgabatda gurulýan binalaryň taslamalaryna öz düzedişlerini girizip bilýärler.

Öý eýeleri myhmanlara milli tagamlardan hödür-kerem etdiler. Daşary ýurtly ilçiler türkmen halkynyň asylly däpleriniň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen utgaşýandygyny we olaryň nusgalykdygyny bellediler.

Ähli daşary ýurtly diplomatlaryň adyndan BAE-niň ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň abadançylygynyň bähbidine ägirt uly işleri alyp barýandygyna, olar bilen duşuşmaga wagt tapyp, maşgalalaryň uly we körpe agzalary bilen gürrüňdeşlikde olaryň isleg-arzuwlary bilen gyzyklanýandyklaryna haýran galýandyklaryny nygtady. Daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň işgärleri täze jaýlaryň ýokary derejede abadanlaşdyrylandygyny, ondaky şertleriň, hiliň örän ýokary derejelidigini bellediler. Şeýle hem olar raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny edinmek üçin az göterimi bolan uzakmöhletleýin karz serişdelerini bermek tejribesine ýokary baha berdiler.

Pursatdan peýdalanyp, daşary ýurtly diplomatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly baýramçylyk bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutladylar we milli Lideriimze, tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de uly üstünlik, rowaçlyk arzuw etdiler.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz diplomatlary paýtagtymyzda ertir geçiriljek täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalary ýurdumyzyň raýatlary hakynda edilýän alada hem-de şunuň ýaly ajaýyp jaý edinmek üçin döredilýän mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we jaýlaryň hil hem-de amatlylyk babatda häzirkizaman ölçeglerine doly kybap gelýändigini nygtadylar.

Jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, üpjünçiligi, aşhana, myhman otagynyň, eýwanynyň, ýyladyş ulgamynyň, iki gatda hem bar bolan ýatylýan jaýlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň ýokary derejede bolmagy guwançly ýagdaýdyr. Şeýle hem kottež görnüşli jaýda iş otagy, tomusky eýwan, balkon, hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Onda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirkizaman çözgutleriniň oýlanyşykly utgaşdyrylmagy bu jaýlara özboluşly kaşaň görnüş berýär.

Bir söz bilen aýdalynda, göze gelüwli hem-de amatly kottež jaýlarynyň umumy eýeleýän meýdany 350 inedördül metr bolup, onuň otaglary belent hem-de giň, bu ýerde myhman kabul etmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap otaglar bar. Jaýyň myhman otagynyň göwrümi 46,20 inedördül metr bolup, ol dalan hem-de göwrümi 24,30 inedördül metr bolan aşhana bilen birikdirilendir. Aşhana häzirkizaman enjamlary, serişdeleri bilen üpjün edildi. Şeýle hem jaýyň birinji gatynda göwrümi 25,2 inedördül metr bolan garaž ýerleşýär.

Ikinji gatdaky ýatylýan jaýlary 20,85 inedördül metrden başlap, 27,70 inedördül metr göwrümlidir. Tomusky eýwanyň eýeleýän meýdany 25,2 inedördül metr bolup, onda howanyň maýyl günlerinde çaý içişlik guramak ýa-da çagalaryň oýna güýmenmegi üçin mümkinçilikler bar. Balkona we eýwana çykalgasy bolan hem-de 13 inedördül metr meýdany eýeleýän otagda işlemek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Jaýyň aýmançaly çäginiň umumy meýdany 600 inedördül metre barabardyr. Howluda dynç almak üçin telär gurlupdyr we gök zolak döredilipdir.

Hormatly Prezidentimiz öý eýelerini täze jaý göçüp gelmegi bilen gutlap, olara bagtly durmuş, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlik arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda özboluşly gözellik döreden köçäniň ugry bilen ýoluny dowam etdi. Ähli ýerde aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar. Güýz şemalyna Döwlet baýdaklary, dürli reňkli lentalar pasyrdaýar we howa şarlarynyň düzümi gözellik eçilýär. Ak mermere beslenen kottež jaýlarynyň binagärlik çözgüdinde nusgawy ýörelgeler bilen häzirkizaman tejribeleri utgaşýar. Jaýlaryň ýanaşyk ýerlerinde dürli güller ekilipdir, bag nahallary oturdylypdyr. Öýleriň sanyna görä, awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr.

Dört gatly kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynda sekiz öý bolup, onuň eýwanyndan ýokarky gatlara basgançak we lift hereket edýär. Her gatda iki öý bolup, umumy eýeleýän meýdany 537,30 inedördül metr bolan öýlerde bäş otag bar. Öýlerde giň myhman otaglary (113,60 inedördül metr), 49,20 inedördül metr meýdany bolan aşhana, 44,40 inedördül metrden 61 inedördül metre çenli meýdanlary bolan dört sany ýatylýan otag we balkon bar. Her maşgala üçin hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Jaýlaryň arasynda çagalaryň oýun meýdançalary, telärler we tehniki binalar bar.

Üç gatly jaýlarda dört otagly alty öý bar. Her öýüň eýeleýän meýdany 476,40 inedördül metr bolup, olarda 44,20 inedördül metrden başlap, 80,40 inedördül meýdany bolan üç sany ýatylýan otag, 113,60 inedördül meýdany bolan aýratyn otag, aşhana we beýleki desgalar bar.

Umuman, bu toplumyň tutuş keşbi bir bitewi utgaşyklylygy emele getirýär. Täze jaýlaryň hemmesiniň umumy binagärlik usuly we ak mermerli keşbi bolup, kaşaň demir aýmançalar bilen gurşalypdyr. Köçäniň yşyklandyryş sütünleri jaýlaryň üçekleriniň reňki bilen utgaşýar.

Kottež jaýlar toplumynyň çäginde umumy meýdany 8,4 gektara barabar bolan seýilgäh guruldy. Olarda döwrebap yşyklandyryjylar, oturgyçlar, howuzly suw çüwdürimleri bar. Granit ýodajyklar we ýerasty geçelge guruldy. Mundan başga-da, şäheriň şu künjegindäki Seýdi we Mollanepes köçeleriniň durky düýpli täzelenildi. Olaryň umumy uzynlygy 1533 metr bolup, köçeleriň ini 12 metre barabardyr. Şeýle hem jaýlaryň aralarynda we ýanaşyk ýerlerinde köçeler çekildi. Umuman, bu ýerde 13 müň 572 metr uzynlygy bolan köçeler çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kottežler toplumy bilen tanyşlygy jemläp, bu günki taryhy wakanyň diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk ýagdaýynda Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda gurlan iki gatly 208, dört gatly sekiz we üç gatly sekiz döwrebap kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň we durky täzelenen köçeleriň açylyş dabarasynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ýere ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir ýola gutlady.

Şu gün paýtagtymyzyň ýüzlerçe maşgalalary göçüp gelen öýlerinde uly şowhun bilen jaý toýlaryny toýlaýar. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” dien paýhasly ýörelgäniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu dabaralar mähriban halkymyz hakyndaky aladanyň döwletimiziň möhüm wezipesine öwrülendigini, amala aşyrylýan beýik işleriň uly üstükliklere, her bir günümiziň şatlykly wakalara beslenýändigini has aýdyňlygy bilen görkezýär.

Milli Liderimiz bu döwrebap jaýlaryň adamlar üçin amatly durmuşy we doly derejeli dynç alşy üpjün etjekdigine hem-de nesilleriň bagtyýarlygyny artdyrjakdygyna ynam bildirdi. Hut şonuň üçin hem bu ýerde guralýan dabaralar hemmeleriň buýsanjyny artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz köpsanly kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy bilen hemmeleri ýene bir gezek gutlap, dabara gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

“Goý, biziň nurana ýollarymyz röwşen geljege tarap uzasyn, dowamat bolýan beýik işlerimiz uly üstünliklere beslensin!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň desgalarynyň açylyş dabaralary ertir dowam eder. Şu gün bolsa ýurdumyzda ýene bir möhüm desganyň—Balkan welaýatynyň Bereket demir ýol bekediniň täze lokomotiw deposynyň açylyş dabarasy bolýar.

Şanly seneleriň öňüsyrasynda täze binalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyny garşylaýan Watanymyzyň täze taryhynda möhüm sahypany ýazdy. Munuň özi ägirt uly özgertmeleriň nobatdaky subutnamasy bolup, Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda gülläp ösýän we dörediji ýurt hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilmegini hem-de bagtyýar geljege tarap ynamly gadamyny alamatlandyrýar.

Şu gün gurlup ulanmaga berlen kottežler toplumyna aşgabatlylaryň 300-e golaý maşgalasy göçüp geldi. Bu toplum paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Toplumyň agşamky görnüşi has-da gözel. Köp öwüşginli yşyklandyryjylar suw çüwdürimleri hem-de jaýlaryň daşky görnüşleri, seýilgähleriň yşyklary, Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk dabaralaryny şatlykly garşylaýan ýurdumyzyň baş şäheriniň giň köçeleri we seýilgähleri bilen utgaşyp, özboluşly gözellik döredýär.