HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE BMG-NIŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň ministrlikleriniň, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy merkezi gulluklarynyň hem-de BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklamak üçin bilelikdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şol sanda gol çekilen bilelikdäki hereketleriň meýilnamalarynyň çäklerinde bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek ýaly işleriň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda 2020-nji ýyl üçin Bilelikdäki Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garaldy, ýurt derejesinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alşyldy hem-de Merkezi Aziýa sebitinde özara gatnaşyklaryň çäklerinde ilerledip boljak, şol sanda betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek ugrunda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy

Mundan başga-da, taraplar tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Milli platformanyň iş ugurlaryny we düzümini, Türkmenistanyň "Adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömegi hakynda" kanunyny durmuşa geçirmek üçin zerur kadalaşdyryjy we hukuk düzgünlerini, şeýle hem betbagtçylyk ýagdaýlarynyň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatynda sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ileri tutulýan meselelerini kesgitlediler.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2328