DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen XXXV mejlisine gatnaşdy.

Duşuşykda medeni alyşmalary işjeňleşdirmek meseleleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň medeniýet ulgamynda 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlygynyň Esasy çäreleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem bu çäreleri 2021-2025-nji ýyllarada durmuşa geçirmek boýunça guramaçylykly işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibine şeýle hem GDA-da halk döredijidiginiň we medeni mirasyň ýylyna bagyşlanan Çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, 2020-2022-nji ýyllarda “ARTEXPO” Halkara sergisini geçirmek meseleleri girizildi.

Şeýle hem muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň, GDA ýurtlarynyň medeni mirasynyň wirtual muzeýi hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň barşy, sungat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy we golýazmalary rejelemek, gorap saklamak we sanlaşdyrmak boýunça iş tejribesi, medeni hyzmatdaşlyk ulgamynda beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar medeniýetara gatnaşyklaryň gymmatlyklaryny ykrar etmekde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň aýratyn ornuny nygtadylar, bellenilişi ýaly, ol döwletleriň diplomatiýasynyň esasyna öwrülýär, umumy gymmatlyklaryň we taglymatlaryň ösdürilmegine, Arkalaşygyň goşulyşmak hereketiniň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň ynsanperwer goşulyşmak hereketini tutuşlygyna gollamak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen medeniýet ulgamynda uly ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary işjeň öňe sürýändigi hem-de durmuşa geçirýändigi bellenildi.

2019-njy ýylda Aşgabatada GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň forumy üstünlikli geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Arkalaşygyň çäklerinde 2021-nji ýyly Binagärlik we gurluşyk ýyly diýip yglan etmek barada başlangyç öňe sürüldi, bu şygaryň çäklerinde dürli çäreleriň geçirilmegi bellenilýär.

Mejlisiň ahyrynda onuň işiniň jemleri jemlenildi hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň çäklerinde indiki duşuşygy geçirmegiň senesi bellenildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15129