MINSKDE GDA-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Minskde GDA-nyň ştab kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Sergini Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde gurnady.

Serginiň açylyş dabarasynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we işgärleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Belarus Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ioanna Kazana-Wişneweskiý, Halkara migrasiýa guramasynyň Belarus Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem-de Minskde işleýän GDA döwletleriniň Ilçileri we diplomatlary gatnaşdy.

Dabarany Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki guramalarynda hemişelik wekili N.Şagulyýew açdy. Şeýle hem serginiň açylyş dabarasynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiý we  Birleşen Milletler Guramasynyň Belarus Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ioanna Kazana-Wişneweskiý çykyş etdiler.

Geçirilen dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy işleri we kitaplary görkezildi, sergide goýulan eserleriň arasynda belarus diline terjime edilenleri hem bar. Şeýle hem Türkmenistany wasp edýän birnäçe suratlar, milli halylarymyz, türkmen halkynyň baý taryhyny hem-de medeniýetini açyp görkezýän gelin-gyzlarymyzyň el işleridir keşdeleri görkezildi.

Sergi öz işini 2020-nji ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam eder.

Habarlar (neutrality.gov.tm)