TÜRKMEN TALYPLARY BAE-NIŇ ILÇIHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDYLAR

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla al-Haşeminiň wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi.

Şonuň yzysüre, 20-nji noýabrda diplomat hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna gelip talyplaryň öňünde Türkmenistanyň baky Bitaraplygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhy we ösüşi barada çykyş etdi.

Okuw sapagynyň dowamynda diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, döwletara gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhy we umumylyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu babatda ol soňky döwürde Türkmenistanda we Birleşen Arap Emirliklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi. Diplomat iki döwletiň Baştutanlarynyň birek-birege saparlary, syýasy-diplomatik ugurlar boýunça alnyp barylýan işler hyzmatdaşlygymyzy täze derejä çykarmaga ýardam berýär, diýip belledi.

Hormatly myhman BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO-2020 bütindünýä sergisi barada bellemek bilen, “Akyllaryň arabaglanyşygy we gelejegi gurmak” şygary astynda geçiriljek bu halkara çäresine Türkmenistanyň gatnaşmagy babatyndaky meselelere ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda BAE-niň diplomaty, talyplar we mugallymlar Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyz bilen gatnaşyklarynyň möhüm meselelerine degişli bolan soraglar boýunça pikir alyşdylar.

Habarlar (neutrality.gov.tm)