DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Onlaýn görnüşde geçirilen «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara gepleşiginiň nobatdaky duşuşygynyň gün tertibine netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirip, ýurdumyz kanunçylyk – hukuk ulgamynda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen köptaraply gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Fulwio Martuşiýello giriş sözünde duşuşygy açyp, Merkezi Aziýa babatda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda pikirini aýtdy. Şunda bitaraplyk derejesi sebitiň döwletleri bilen neijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam berýän Türkmenistanyň eýeleýän aýratyn orny bellenildi.

Öz nobatynda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýewropaly kärdeşlerini mejlisiň düzümi hem-de esasy wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik ögertmeleriň maksatlary hem-de wezipeleri, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikli üpjün edilişi boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyrdylar.

Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, sebitiň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, möhüm ekologiýa meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ilerii tutulýan ugurlary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal üstaşyr – ulag geçelgelerini döretmek, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti billenildi.

Ýewropa Bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň sebitde alyp barýan netijeli işlerine ýokary baha berýär. Bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýanyň çykyşynda tassyklanyldy.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki parlamentara mejlisiniň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljek ýeri we wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)