«TÄZE AÝ» DOŇDURMA EKSPORTUNY ARTDYRÝAR

Doňdurma we süýt önümlerini önümçigine ýörüteleşen «Täze aý» hususy kärhanasy önümleriniň eksportuny artdyrýar. Dekabr aýynda Çžeszýan welaýatyna (Hytaý Halk Respublikasy) ýüz tonna töweregi gaýmak plombiri ugradylar. Şu ýyl maryly telekeçiler Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Ninbo we Wençžou port şäherlerine dört ýüz tonnadan gowrak datly tagam eksport etdiler. Ilaty köpmillionly bu şäherlerde Türkmenistandan getirilýän doňdurmanyň tagamyna ýokary baha berdiler. Indiki ýyl önümçilikçiler öz hyzmatdaşlaryny ýokary hilli önüm bilen yzygiderli üpjün ederler.

«Täze aý» kärhanasynda dürli önümler öndürilýär. Bu ýerde doňdurmadan başga-da, azyk önümleriniň dürli görnüşleri çykarylýar. Onuň sehlerinde oturdylan Germaniýanyň, Hytaýyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli enjamlary ýylda birnäçe müň tonna süýji-köke önümlerini, etden taýýarlanylýan üýtgeşik datly tagamlary, börek, manty, piroglary, şeýle hem gatyk, rýaženka, gaýmak, syr, peýnir, dorag, aýran, gaýnadylan süýt we beýleki önümleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde doňdurmanyň 40-a golaý görnüşi öndürilýär.

2004-nji ýylda döredilen «Täze Aý» önümçilik birleşigi her ýyl içerki we daşary ýurt bazarlaryna 10 müň tonna golaý önüm, şol sanda 4 müň tonna golaý doňdurma ugradýar.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)