TÜRKMENISTANYŇ UGURDAŞ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARY ÜÇIN ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI TARAPYNDAN ONLAÝN-LEKSIÝALAR TOPLUMY GURALDY

photo

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan okuw sapaklarynyň toplumynyň çäklerinde ÝHHG-niň öňki Baş Sekretary Lamberto Zanýeriň üç günlük onlaýn-leksiýasy geçirildi. Leksiýalara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Leksiýalaryň barşynda talyplar “Azlyklar we olaryň jemgyýete integrirlenmekleriniň meseleleri”, “Sowuk urşuň tamamlanmagyndan soňra Ýewropada howpsuzlyk kadalarynyň ewolýusiýasy we bitaraplygyň derwaýyslygy” ýaly temalar boýunça öz bilimlerini baýlaşdyrdylar. Mazmuna baý çykyşlaryň dowamynda diplomat gatnaşyjylara halkara gatnaşyklarynyň taryhynyň möhüm aýratynlyklary barada gürrüň berdi we bitaraplyk ýörelgesiniň halkara gatnaşyklary ulgamynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagyna ýetirýän täsiri dogrusynda ara alyp maslahatlaşmalary geçirdi.

L.Zanýer soňky ýyllarda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine, şol sanda global energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ençeme derwaýys halkara başlangyçlary bilen çykyş eden bitarap Türkmenistanyň işjeňligine ýokary baha berdi.

Habarlar (neutrality.gov.tm)