AHAL WELAÝATYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz biz, Bitarap biz, bagt daňymyz atandyr! Arkadagyň gudratyndan bagta ýeten watandyr!” atly maslahat we sergi öz işine başlady.

Bu dabaraly çäre Ahal welaýat häkimligi, TDIM-iň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde gurnaldy.

Güniň başynda bu dabaraly çärä gatnaşyjylar Medeniýet öýüniň foýesinde gurnalan hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň parahat asuda durmuşda ýaşamagy we bagtyýar gelejegi üçin edýän taýsyz tagallalary bilen baglanyşykly ajaýyp kitaplarynyň sergisine aýlanyp gördüler.

Dabaraly çäräniň ikinji ýarymy maslahat bilen dowam etdi. Maslahatda çykyş edenler “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk baýramynyň ähmiýeti we bu taryhy ýyllarda ýetilen daşary syýasy üstünlikleri barada belläp geçdiler.

Baýramçylyk maslahatynyň dowamy aýdym-sazly çykyş bilen utgaşdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu dabaraly çäreler 2-nji dekabrda hem öz işini dowam eder.

Habarlar (neutrality.gov.tm)