img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABAR

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti—Ýolbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny ýollady.

“Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamynda ýeten üstünlikleri hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini bellemek bizi guwandyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak dostlukly gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Nursultan Nazarbaýewe berk jan saglyk, bagt hem-de abadançylyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)