DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza döwletleriniň milli ösüş gaznasynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen birinji maslahatyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, abraýly sebit hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan uly mümkinçiliklere eýe bolan YHG-niň çäklerinde däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýar.
YHG-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri, şol sanda YHG-niň çäklerinde tehniki hyzmatdaşlygy, maglumatlary alyşmagy, amatly maýa goýum ýagdaýyny goldamagy hem-de ykdysady ösüşi güýçlendirmegi goldamak maksady bilen, milli abadançylygyň we ösüşiň gaznalar ulgamyny (MÖGU) döretmegiň geljegine degişli meseleler girizildi.
Türkmenistan YHG-niň döwletleri bilen şu guramanyň, şonuň ýaly-da beýleki halkara giňişliklerinde ileri tutulýan ykdysady meseleler boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşi, goşulyşmak işleriniň işjeňleşmegi, möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklaryň täze amatly görnüşlerini hem-de gurallaryny gözläp tapmagy talap edýär. Umaman alanyňda, MÖGU-nyň ulgamyny döretmegiň mümkinçiliklerini hem-de soňra gaznanyň serişdelerini häzirki zaman ýagdaýlaryny, milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak bilen ulanmak meselesi has oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär.
Sebit hyzmatdaşlygynyň beýleki wajyp meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylan maslahatyň jemleri degişli resminamada öz beýanyny tapdy.