TÜRKMEN TÜRGENLERINIŇ BUZ ÜSTÜNDÄKI TÄZE ÝYL GÖRKEZME ÇYKYŞLARY

photo

Täze ýyl baýramy-da ýetip geldi. Häzirki gyş günleri ýaşajyk ýa-da ýaňy başlan bolsa-da, figuralaýyn typyjy türgenleriň buz üstündäki çykyşlaryna syn etmek has-da özüne çekiji tomaşa. Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri toplumyna gatnaýanlar görkezme çykyşlary bilen begendirdiler.

Buz üstünde «Maral» tans ansamblynyň repertuary indi ençeme ýyl bäri düregeýligi bilen tapawutlanýar. Ýaşajyk figuralaýyn typyjylar ençeme gezek daşary ýurt festiwallarynda baýrakly orunlary eýelediler, her ýyl gyş, Täze ýylyň öň ýanynda bolsa türgenler öz muşdaklaryna düýtgöter Täze ýyl şowhunyny hödürleýärler.

Çagalaryň gyşky dynç alyş günleri «Türkmenistan sport» teleýaýlymynda täze ýyl tomaşasyna syn edip bilersiňiz, häzirlikçe bolsa size baýramçylyk «konsertiniň» täsirli pursatlaryny teklip edýäris.

Täze ýyl çykyşlary bäsdeşlik häsiýelti bolmasa-da, olarda hyjuw-joşgun dolup daşýardy. Çakgan tilsimleri, hyjuwly sazlar we duýgylar joşguny bilen ýaşajyk zehinleriň çykyşlary ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Olaryň aňyrsynda tejribeli halypalaryň we tälimçileriň abyrsyz zähmeti ýatyr.

Çagalar ulalansoňam çykyş etjeklerini-etmejeklerini entek bilmeýärler, ýöne şonda-da halyplaryň gymmatly tejribesi we bilimi olaryň aňynda ömürlik galar.

Figuralaýyn typmaga diňe bir onuň owadanlyg üçin gatnamaýarlar, sportuň bu gyzykly görnüşi çagalaryň erkini güýçlendirýär, özüne ynam döredýär, diňe bir bedenini däl, eýsem häsiýetini-de berkidýär.

Türgenelrimize täze—2021-nji ýylda üstünlikler arzuw edýäris!

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)