ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARY TAKYK DERSLER BOÝUNÇA HALKARA DERS BÄSLEŞIGINE GATNAŞDYLAR

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan halkara ders bäsleşigine gatnaşýar.

Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Türkmenistanyň toparyna Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli we takyk derslerde çuňňur düşünjeler bilen tapawutlanýan ýokary synp okuwçylarynyň 10-sy wekilçilik edýär.

Biziň toparymyzyň agzalarynyň belleýşi ýaly, köp sanly bäsdeşler bilen bilelikde halkara ders bäsleşigine gatnaşmak öz başarnygyňy has aýdyň ýüze çykarmaga, halkara derejede özüňi hem-de ukyplaryňy mynasyp görkezmek üçin ähli yhlasyňy gaýgyrman işlemäge, iň gowulardan gowusy bolmaga we elbetde, öz Watanyň abraýy üçin üstünlikli çykyş etmäge itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň baş maksady ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini doly derejede ulanyp bilmekleri üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzda matematika mekdebiniň däpleriniň kemala gelendigini bellemek gerek. Dürli ugurlar boýunça abraýly ders bäsleşiklerinde türkmen mekdep okuwçylarynyň gazanýan ýeňişleri bilim ulgamynda täzeçil özgertmeleriň aýdyň netijeleridir.

Häzirki akyl-paýhas bäsleşigi iki tapgyrda geçirilýär hem-de abraýly eminler tarapyndan baha berilýär. Bäsleşik oňa gatnaşyjylara mundan beýläk-de ösmek we takyk ylymlara bolan ukyplaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Ders bäsleşigi 12-nji ýanwara çenli dowam eder, ol tamamlanandan soň ýeňijileriň atlary yglan ediler.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)