“TÜRKMEN ARHIWI” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän “Türkmen arhiwi” taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy.

Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Ýaşulular maslahatynyň Kararlary bar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda"Türkmenistan - rowaçlygyň Watany" ýylynda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere, iri forumlara hronologiýa yzygiderlilikde gysgaça syn berilýär.

Şolaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýyndaky täze obanyň düýbüni tutmak hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän döwrebap senagat toplumyny ulanmaga bermek dabaralary we beýlekiler bar.

Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi ýylyň uly wakalarynyň biri boldy. Onda Türkmen döwletini we jemgyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň geçirýän, oňyn bitaraplyga gönükdirilen hem-de milli we umumadamzat bähbitlerine kybap gelýän döredijilikli daşary syýasy ugry dünýä bileleşiginiň doly makullamagyna we goldawyna eýe bolýandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine öňdengörüjilikli we jogapkärçilikli çemeleşmesini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Milli Liderimiziň başyny başlan, GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, strategik esasda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjek Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Baştutanynyň Ýaponiýa, Goşulyşmazlyk hereketiniň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna, şeýle hem Özbegistan Respublikasyna iş saparlary halkara ähmiýetli möhüm wakalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy dünýä giňişligindeWatanymyzyň abraýynyň belentdiginiň hem-de döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli pikirleriniň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we “açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda gojaman Hazaryň örän uly köp ugurly kuwwatyny amala aşyrmaga mynasyp goşandyny goşmak bilen, onuň parahatçylyk, dostluk we agzybirlik deňzi derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Okyjylar “Täze neşirler” rubrikasynda milli Liderimiziň döreden“Türkmen alabaýy” atly eseriniň, , “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň 11-nji jildiniň, şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň 12-nji jildiniň tanyşdyryş dabaralary bilen tanşyp bilerler.

Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu işler türkmenistanlylaryň öz taryhy-medeni mirasyna, öçmejek maşgala we ruhy gymmatlyklaryna, ene topragynyň egsilmejek baýlyklaryna buýsanjyny artdyrdy.

Degişli makalalaryň tapgyry döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň birine –resminama dolanyşygyny dogry guramak meselelerinde ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň iş önümçilik düzümlerine usulyýet kömegini bermek işine bagyşlandy.

Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy hakynda makala aýratyn orun eýeleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde, kagyz esasynda däbe öwrülen resminamalaryň düzümi we mazmuny üýtgeýär, kompýuter tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen iş önümçiliginiň täze görnüşleri has giň görnüşe eýe bolýar. Häzirki şertlerde bu gullugyň işgärleriniň esasy wezipesi ozalkysy ýaly - Milli arhiw gaznasynyň aýawlylygyny üpjün etmek bolup durýar.

“Resminamalaryň gymmatyny seljermek boýunça işleri guramak”, “Hatlary we telefonogrammalary ýazmagyň düzgünleri” ýaly makalalar şol meselä bagyşlandy.

Neşiriň sahypalarynda çap edilen, durmuş meseleleri boýunça resminamalary saklamagyň möhletlerini görkezmek bilen olaryň sanawynyň bölümlerinden biri hünärmenler üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Ol pudaklaýyn ulgamda maksatlaýyn ugruna, derejesine we gerimine hem-de eýeçilik görnüşine garamazdan öz işini resmileşdirýän edaralarda ulanmak üçin niýetlenendir.

Žurnalda ýerleşdirilen, hünärmenleriň teswirlemelerini öz içine alýan arhiw resminamalarynyň mowzuklaýyn ýygyndylary uly ylmy-öwreniş häsiýete eýe bolup durýar. Türkmenbaşy şäheriniň döredilmeginiň 150 ýyllygy taryhy hakyndaky maglumatlar şolaryň biridir.

Taryhy öwrenmäge, maddy we medeni mirasy aýawly saklamaga hem-de dünýä ýaýmaga toplumlaýyn we düýpli ylmy çemeleşme hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, žurnal her sanynda ýurdumyzyň geçmişi hakynda täze bilimleri öz içine alýan makalalary çap edýär.

Mysal üçin, neşiriň sahypalarynda guýularyň görnüşleri hem-de gurluşy, çölde suwy gazyp almagyň usullary we görnüşleri hakynda makalalar ýerleşdirildi. Ol ýerde XIX asyryň binagärliginiň gadymy ýadygärligi - Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde ýerleşýän Daşsaraý köşgi hakynda taryhy maglumatlar bar.

Türkmen öýüniň içki bezeginiň taryhyna bagyşlanan makalada awtor taryhy çeşmelere salgylanyp, türkmen öýleriniň binagärligi hem-de onuň gadymy şadessanlarda we çeper eserlerde beýan edilişi barada gürrüň berýär.

Şeýle hem žurnalyň syn berilýän sanynda “Türkmen halysy – halkyň ýüzüniň tuwagy” atly makalada ýurdumyzda halyçylygyň gadymdan gelip çykyşy hakynda arhiw maglumatlary we subutnamalary getirildi.

Neşiriň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli i fotomateriallaryň baý mazmunly toplumy ýerleşdirildi.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)