RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)