DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşini üýtgeden koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) ýaramaz täsirine garamazdan, Türkmenistanyň halk hojalyk toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz wagtynda kabul eden çözütleri, öňüni alyş çäreleri netijesinde ozalky ýagdaýynda işleýär, bu bolsa beýleki döwletlere garanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýär.

Munuň şeýle bolmagyna köp babatda soňky ýyllarda işe girzilen iri, orta we kiçi kärhanalar ýardam edýär, olarda içerki sarp ediş üçin niýetlenen, daşary ýurtlara iberilýän dürli önümler öndürilýär, iş orunlarynyň müňlerçesi döredildi.

Şol kärhanalar goşulan bahaly önümleriň öndürilmegini ugur edinýär, bu bolsa ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberiniň we ösüş depgininiň artmagynda öz beýanyny tapdy.

Hususy telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde uly orun eýeleýär. Milli Liderimiziň başyny başlaýan, import we eksport önümleriniň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli amala aşyrylmagy eýýäm öz miwelerini berýär, bu bolsa jemi içerki önümde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Halkara pul gaznasynyň yzygiderli geçirýän seljermeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, özygtýarly Türkmenistanyň duş gelýän kynçylyklara garamazdan, saýlanyp alnan ugra ynamly eýerip, durmuş-ykdysady ösüş boýunça giň gerimli taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygyny tassyklaýar.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)