NAKGAŞLARYMYZYŇ ESERLERI ILÇIHANADA

Ýurdumyzyň tanymal nakgaşlary ABŞ-yň ilçihanasynyň işgärlerini žiwopis eserleri arkaly türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, durmuşy bilen tanyşdyryp başladylar. Olaryň ygtyýaryna berlen özboluşly sergi meýdançalarynda -- binanyň käbir iş otaglarynyň we hollarynyň diwarlarynda nakgaşlar gezekleşip öz çeken suratlaryny asýarlar.

Her aý täzelenýän galareýa diplomatlary türkmensitanly nakgaşlaryň günbatar adamsy üçin üýtgeşik döredilijiligi bilen tanyşdyrýar. Ilçihananyň täze işgärleri işe gelen ilkinji günlerinden ülkamiziň gadymy, köp asyrlyk taryhy barada bilimleriniň üstüni ýetirip bilerller. Suratlara syn edenler, hamala, gadymy şäherleriň harabalaryny öz gözi bilen gören, Beýik Ýüpek ýolundan jöwzaly howada kerwen bilen ýol geçip, uzak garaşdyran jülgäniň we daragtlaryň arasyndan şirrildäp akýan dag çeşmesiniň salkyn howasyndan lezzet alýan ýaly bolýarlar. Nakgaşlaryň eserleri diplomatlary halkymyzyň däp-dessurlary, sahawatly topragymyzyň baýlyklary bilen tanyşdyrýar. Şu günler ABŞ-nyň ilçihanasyndaky göçme sergide maryly nakgaş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kössekmyrat Nurmyradowyň işleri goýlupdyr.

«Menden öň bu ýerde ildeşim Gurbangeldi Gurbanowyň işleri görkezildi. Ondan öň bolsa aşgabatly Akmyrat Muhammedowyň suratlary ilçihananyň diwarlaryny bezedi. Olaryň ikisem Türkmenistanyň at gazanan nakgaşlary. Has mynasyp ussatlaryň ýene onlarçasynyň adyny agzasa bolar, olaryň her biri özüçe üýtgeşik zehin. Nakgaşlaryň hersiniň öz usuly, halaýan žanry, temalary bolsa-da, olaryň ählisini dogduk diýara, halkymyza söýgüsi birleşdirýär, bu olaryň ilçihananyň diwarlarynda asylýan suratlaryndanam görnüp dur. Nakgaşlarymyz – sergilerdir galareýalaryň köpüsinde islegli adamlar. Olaryň eserleri, tankytçylaryň pikirine görä, günbatarly tomaşaçylary özboluşly reňk çözgütleri, simwolizmi, nepis gurluşy bilen haýrana goýýar».

Kössekmyrat Nurmyradowyň öz döredijiligi ABŞ-yň ilçihanasynda aýratyn orun tutýar. Ol amerikaly diplomatlaryň tabşyrygy bilen özüniň iň uly suratyny çekdi. 50 inedördül metr töweregi surat ilçihananyň holluna bezeg berdi. Nakgaşyň çeper tilsimi, ýyllarboýy kemala gelen özüne ynamy we işleriniň nepisligi, reňkleriniň ýitiligi, awtoryň ylham joşgunynyň belentligi bilen özüne maýyl edýär. Kössekmyrat Nurmyradowyň eserleri – durmuş pursatlary, halkyň däp-dessurlary suratlarda özüne muwapyk ornuny tapan ençeme ýordum ugurly imrindiriji söhbet bolup ýaňlanýar.

Wladimir FROLOW

Nakgaşlarymyzyň eserleri ilçihanada (turkmenistan.gov.tm)