img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2143-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Resmi habar (turkmenistan.gov.tm)