img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

photo

Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji fewralda deputatlar bilen geçirilen duşuşykda belleýşi ýaly, Mejlisiň alyp barýan köptaraply işlerinde halkara we parlamentara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, şu ýyl daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek Mejlisiň esasy wezipeleriniň biri bolmalydyr.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň häzirki gepleşikleriniň dowamynda özara bähbitli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine gyzyklanmalary tassyklanyldy. Iki dostlukly goňşy ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň derejesinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar (turkmenistan.gov.tm)