RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek, pudaga täze tehnologiýalary giňden ornaşdyryp, önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurtlara iberilýän taýýar önümleriň möçberlerini yzygiderli köpeltmek, pudagyň kärhanalarynda sanly ulgama geçmegi çaltlandyrmak, himiýa önümçiligini ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesi girizildi we şu konserniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resmi habarlar (turkmenistan.gov.tm)