TÜRKMEN SKRIPKAÇYSY JEMAL AGAJANOWA HALKARA BÄSLEŞIGINDE BAÝRAKLY ORNA MYNASYP BOLDY

photo

Fransiýanyň Nissa şäherinden ajaýyp habar gelip gowuşdy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň ikinji ýyl talyby Jemal Agajanowa mart aýynyň dowamynda onlaýn görnüşde 30 ýurduň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşikde «skripka» ugrundan II orna mynasyp boldy.

18-20 ýaşlylar toparynda çykyş eden Jemal bäsleşikde Wolfgang Amadeý Mosartyň 5-nji Konsertiniň birinji bölegini ýerine ýetirdi. Konsertmeýsteri – halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa. J. Agajanowa talapkär emin agzalaryndan 90 ball almagy başardy, I ýeri eýelän polşaly skripkaçy gyz ondan biraz öňe saýlandy.

Jemalyň şeýle abraýly bäsleşikde ýeten derejesi – tutuş milli skripka mekdebimiziň uly üstünligidir. Munuň ýaş sazandanyň abraýly gözden geçirişlerde gazanan ilkinj üstünligi däldigini bellemek gerek. Ol 2020-nji ýylda Bakuda (Azerbaýjan) geçirilen yslam döwletleriniň sazandalarynyň halkara bäsleşiginde III orny eýeläpdi.

Jemaly ata-enesi, dost-ýarlary we konserwatoriýanyň mugallymary gutladylar, KHBS-niň wekilleri-de oňa gyzyklanma bildirýärler. Saz älemine gelşi barada ol şeýle gürrüň berdi:

-Men sazandalar maşgalasynda dünýä indim, kakam – konserwatoriýada dünýä saz medeniýetiniň taryhy mugallymy. Doganym Mähri skripka hünäri boýunça TMK-ny tamamlap, Aşgabadyň 2-nji sungat mekdebinde sapak berýär. Menem onuň ýoly bilen gitdim. Çaga döwrüm fortepiano bilen skripkadan birini saýlamaly bolanda, doganymyň kärini saýlanym ýadyma düşýär. Şeýdibem, 6 ýaşymda elime bu jadyly guraly alanymdan bäri ol meniň hemişelik hemrama öwrüldi.

11 ýaşymda TMK-nyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Maral Bäşimowna Çerkezowa meniň mugallymym boldy. Ol skripka ussatlygynyň inçe syrlarynyň ählisini öwretdi, erkin saz çalmak endiginiň kemala gelmegine ýardam etdi. Köp babatda onuň tagallasy bilen men 2019-njy ýylda sazçylyk okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň döwlet bäsleşiginde birinji orny eýeläpdim, bu hem maňa konserwatoriýanyň talyby bolmagyma kömek etdi.

Dogrymy aýdaýyn, hiç zat aňsat düşmeýär, ýöne men diňe erjellik we janypkeşlik bilen üstünlik gazanyp bolýandygyna gowy düşünýärin. Konserwatoriýada men dessine Döwlet Ökdirowyň ýolbaşçylygyndaky «Ylham» talyplar orkestriniň agzasy boldum, şeýle hem Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestrinde çykyş edýärin.

Menden köplenç: «Haýsy eseri has gowy görýäň?» -diýip soraýarlar. Sazandalar her döwür bei eseriň yşgyna düşýärler, häzir welin men – Maks Bruhyň «Şotland fantaziýasyny» halaýaryn, ony mekdep-internatyň 11-nji synpynda çalýardym. Häli-häzire çenli duýgylar baýlygy bilen tapawutlanýan 4 bölümli waiýasiýalaryň täsiriniň bendisi bolup ýörün.

Üstünlige näme ýardam berýär? Erjellik. Üstünlikler meni täze sepgitlere ruhlandyrýar, şonuň üçinem indiki halkara bäsleşiklerine taýýarlanýaryn.

Tamara GLAZUNOWA

Türkmen skripkaçysy Jemal Agajanowa halkara bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy (turkmenistan.gov.tm)