img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BIRŽA TÄZELIKLERI

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit bitumyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini, Maltanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, serbiýaly telekeçiler daşary ýurt puluna buýan köküniň şerbedini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 60 million dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparynyň wekilleri bahasy 376 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Birža täzelikleri (turkmenistan.gov.tm)