ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY SENELERI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahata Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, JICA agentliginiň wekilleri, şeýle-de Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplar gatnaşdy.
Çärede Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow, Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Tokio-2020 Olimpiýa we paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň wise-prezidenti E.Toşiaki we beýlekiler çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, olaryň halkara howpsuzlygyna, durnuklylygyna we ösüşe edýän täsiri barada bellenip geçildi. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşi barada hem aýdyp berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen talyplary Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary bilen sorag-jogap görnüşinde pikir alyşdylar.