img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA GYNANÇ BILDIRDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Ýelizaweta II ýanýoldaşy — Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Filippiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.

“Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk diläp, maşgalaňyzyň agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygynyň ähli halkyna ýürekden gynanjymy we medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi (turkmenistan.gov.tm)