TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ “DOSTLUK” TOPARY “2021-NJI ÝYL – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝYLY” ATLY KUBOGY GAZANDYLAR

photo

Aprel aýynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň çäklerinde 2021-nji ýylyň 10-11-nji aprelinde Kazan şäheriniň “Bustan” sport merkezinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” atly kubogy gazanmak ugrunda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryş Russiýa federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýaşlaryň işi boýunça ministrliginiň, Sport ministrliginiň hem-de Kazan federal uniwersitetiniň goldamagynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.) tarapyndan gurnaldy.

Ýaryşa talyplaryň 8 topary, hususan-da Ermenistanyň, Russiýanyň, Siriýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Afrika ýurtlarynyň we Arap ýurtlarynyň toparlary gatnaşdylar. Oýunlar iki toparda geçirildi we onuň ýeňijileri ahyrky tapgyrda duşuşdylar.

Baş baýragy - “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” atly kubogy Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan döredilen “Dostluk” talyplaryň futbol topary gazandy. Ýaryşda ikinji we üçünji orunlara Täjigisanyň we Özbegistanyň toparlary eýe boldular.

Çäräniň dowamynda medeni çykyşlar hem gurnaldy. “Dostluk” atly türkmen talyplaryň medeni-folklor toparynyň çykyşlary hem-de Azerbaýjandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Afrika ýurtlaryndan talyplaryň çykyşlary görkezildi.

Çärä gatnaşyjylar ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çagyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak arkaly bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini öňe sürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň aýratyn orny barada bellenildi.

Habarlar (neutrality.gov.tm)