RESMI HABAR

Türkmenistanyň halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda ösdürmek we berkitmek, şeýle hem Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Meýilnamada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Daşary işler ministrligi Meýilnamany amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy edara diýlip kesgitlenildi.