img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ WEKILLERI ÝÜK DAŞAMAK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

“Türkmenawtoulaglary” we “Türkmendemirýollary” gulluklarynyň wekilleriniň Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň işgärleri bilen 30-njy aprelde bolup geçen onlaýn-duşuşygynda halkara ýük daşamagyň çägindäki hyzmatdaşlyk  meselesine seredildi.

Taraplar halkara awtomobil we demirýol ýük gatnatmak pudagynda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ähli epidemiologik talaplaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi-de bellendi.  

Şeýle hem wideoduşuşygyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň harytlaryny Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly dünýä bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri barada bellenip geçildi.

Janmämmet GULAMOW

Türkmenistanyň we Täjigistanyň wekilleri ýük daşamak pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar (turkmenistan.gov.tm)