MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

photo

2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdula minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de oňa jan saglyk, abadançylyk we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde, malaý diplomaty işjeň hyzmatdaşlygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk (mfa.gov.tm)