TÜRKMEN KINOSYNYŇ HEPDELIGI «DURMUŞ KYSSALARY» FILMINI GÖRKEZMEKDEN BAŞLANDY

10-njy maýda «Аşgabat» kinoteatry çeper filmleriň muşdaklarynyň jemlenýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde dabaraly ýagdaýda türkmen kinosynyň Hepdeligi açyldy.
Hepdelik ─ «Durmuş kyssalary» atly çeper filmi görkezmekden başlandy. Zalyň girelgesinde filmi tanyşdyryjy äpet uly poster-bezeg tagtasy myhmanlary garşylaýar. Islän adamyň onuň öňünde surata düşmäge, filmiň baş gahrymanlarynyň rolunda çykyş eden artistler ýa-da döredijilik toparynyň agzalary bilen söhbetdeşlige mümkinçiligi bar.
–Milli kino Hepdeliginiň «Durmuş kyssalary» açylmagyny biz özümize uly hormat saýaýrys, - diýip, režissýor Arslan Eýeberdiýew gürrüň berýär. – Biz filmimizde türkmen kinematografiýasynyň häzirkizaman ösüşiniň häsiýetli aýratynlyklaryny görkezmegi, şu günüň tomaşaçysynyň kinony kabul edişiniň gizlin syrynyň üstüni açmagy niýet edindik. Bu kino – Türkmenistanyň ähli sebitlerinde diýen ýaly surata düşürildi. Şu gün tomaşaçylara görkezmekçi filmimiz zala ýygnanlaryň göwnünden turar diýip garaşýarys.
Meşhur režissýor Roman Polanski: «Kino tomaşaçyny özüniň zalda oturandygyny ýadyndan çykarmaga mejbur etmelidir» diýýär. «Тürkmenfilmiň» döreden täze filmi hem ilkinji minutlardan tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Üç dostuň özara gatnaşygy durmuş synagyndan geçýär. Dürli kärlerde işleýän gahrymanlar – ýaş alym, şahyr we türgen erkekler dostlugynyň dogruçyllyga, wepadarlyga we adamyň mertebesine esaslanýandygyny subut edýärler.
Filmde baş gahrymanlaryň biriniň roluny ýerine ýetiren Annadurdy Täçliýew şeýle gürrüň berýär:
– Тürkmen kinosynyň örän ähmiýetli bir aýratynlygy bar – оl hemişe milli däplere daýanýar, wakalary özboluşly we göçme manyda çeper suratlandyrýar. Siz biziň filmimizde adaty adamkärçiligiň çäginden çykmaga taýyn gahrymanlary görmersiňiz. «Durmuş kyssalary» filminde meniň gahrymanym öz ýalňyşyna düşünýär we iň soňunda ýalňyşyny düzetmäge synanýar.
Milli kinonyň Hepdeligi barada «Тürkmenfilm» kinostudiýasynyň sahna goýujy nakgaşy Baýram Paçikulyýew öz pikirini şeýle beýan edýär:
– Bu ajaýyp kinoforum ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zehinleri bir ýere ýygnady. Ýaşlara öz zehinini, taryha we şu güne şahsy garaýşyny görkezmäge mümkinçiligiň açylandygy begendirýär. Menem «Аşgabat bahary» festiwalynda görkeziljek filmleriň birini döretmäge gatnaşdym. Biziň filmimiz Aşgabat şäheriniň döreýşi hakynda gürrüň berýär.
Swetlana ÇIRSOWA
Türkmen kinosynyň Hepdeligi «Durmuş kyssalary» filmini görkezmekden başlandy (turkmenistan.gov.tm)