TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Gadyrly doganym!
Siziň Alyhezretiňizi mübärek Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Açyklyk, raýdaşlyk we geçirimlilik duýgulary bilen ýetip gelen bu mübärek baýramyň, täsiri heniz hem dowam edýän çylşyrymly epidemiýa döwründe tutuş dünýä parahatçylyk, rehimdarlyk, bereket getirmegini arzuw etmek bilen, Türkiýe Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mübärek Oraza aýy asyrlardan bäri ruhy päkligiň, tämizligiň hem-de asylly işleriň amal edilmeginiň döwri bolmagynda galýar. Oraza baýramy bize dostluk, rehimlilik, duýgudaşlyk, ýagşylyk, adalatlylyk we parahatçylyk söýüjilik ýaly belent gymmatlyklary ýatladyp durýar.
Goý, mukaddes aýda aýdylan hoşniýetli arzuwlar hasyl bolsun!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Mukaddes Oraza baýramy Size we Siziň ýurduňyzyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge ýakymly mümkinçilik döredýär.
Ähli musulman ymmaty üçin mübärek günlerde Size berk jan saglyk, bagt we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar esasynda hem-de belent ruhy gymmatlyklara — özara düşünişmek, raýdaşlyk, hoşniýetlilik, birek-biregi goldamak ýaly duýgulara daýanmak bilen geljekde hem halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine umyt edýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Owganystan Yslam Respublikasynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Oraza baýramy mynasybetli gutlamak meniň üçin uly hormatdyr.
Ähli musulman ymmaty bu baýramçylygy doga-dilegler etmek bilen belleýär. Goý, Beýik Biribar parahatçylyk, jebislik we bolçulyk baradaky doga-dilegleri kabul etsin!
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.
Mohammad Aşraf Gani,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli, Yragyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.
Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösüşi dileýärin.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Yragyň dostlukly halklaryň hem-de ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýaryn.
Size tüýs ýürekden hormatymy beýan edýärin.
Barham Saleh,
Yrak Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
Palestina döwletiniň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.
Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mübärek Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ýollamagy hormat saýýaryn.
Şu şatlykly baýramçylyk güni Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de ähli musulman ymmatyna mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk dileýärin.
Size uly hormat we sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Oraza baýramy ähli musulman ymmaty üçin aýratyn baýramçylyk hasaplanylýar. Bu baýram rehimlilik, duýgudaşlyk, haýyrly işler we aladaçyllyk ýaly ruhy gymmatlyklara çagyrýar.
Goý, Beýik Biribar iki ýurduň doganlyk halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkemegi we ösmegi üçin Oraza aýynda edilen doga-dilegleri, şeýle hem isleg-arzuwlary kabul etsin!
Hormatlamak bilen,
Askar Mamin,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Jenap Prezident!
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň onuň düzümleriniň işgärleriniň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýändigime şatdyryn.
Beýik Biribardan Türkmenistana gülläp ösüşi hem-de rowaçlygy, şeýle hem ähli musulman ymmatyna parahatçylyk we abadançylyk eçilmegini dileýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Ýusef Al-Osaýmin,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size sahawatly Oraza baýramy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.
Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Abdulla II,
Iordaniýanyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin bagtdyr.
Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de ähli musulman ymmatyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we öňegidişlik arzuw edýärin.
Haýsam bin Tarik,
Omanyň Soltany.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny sahawatlylygyň hem-de hoşniýetliligiň baýramy — ähli musulman ymmaty üçin mübärek Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Biziň halklarymyzyň taryhy, ruhy hem-de medeni umumylygyna esaslanýan, özara ynanyşmak we hormat goýmak ruhundaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn bellemek isleýärin.
Bereketli türkmen topragynda golaýda geçiren netijeli, açyk gepleşiklerimiz ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli goňşuçylyk, köpugurly hem-de strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam eder.
Allatagalanyň bütin dünýä öz sahawatyny ýollaýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size hem-de Siziň maşgala agzalaryňyzyň ählisine berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňizi Beýik Biribaryň sahawat eçilýän mukaddes Oraza aýy bilen mähirli gutlaýaryn.
Oraza baýramy öz tebigatyňa dolanmagyň, Oraza aýynyň päkize suwunda öz kalbyny tämizlänleriň, Beýik Biribaryň öňünde ruhy taýdan päklenenleriň baýramydyr.
Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, ähli musulman ymmatynyň raýdaşlygynyň hem-de dostlugynyň pugtalanjakdygyna we biziň yslam medeniýetiniň ösüşiniň, öňe gitmeginiň şaýatlary boljakdygymyza ynanýaryn.
Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin hormatdyr.
Yslamyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýän bu baýramyň biziň doganlyk duýgularymyzy artdyrjakdygyna hem-de musulman ymmatynyň ýagty geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de tagalla etmäge ruhlandyrjakdygyna umyt edýärin.
Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Iň gowy arzuwlar bilen,
Abdel Fattah Al Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagt, tutuş musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk eçilmegini dileýärin.
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Halifa bin Zaýed Al Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Tatarystan Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi mukaddes Oraza aýynyň tamamlanmagy we ajaýyp Oraza baýramynyň gelmegi bilen gutlaýaryn.
Size we Siziň ýurduňyzyň ähli raýatlaryna jan saglyk, bagt, rowaçlyk, Beýik Biribaryň sahawatyny dileg edýärin. Goý, Beýik Biribar ruhy tämizligiň hem-de ahlak taýdan kämilleşmegiň bu aýynda ähli hoşniýetli we asylly işlere rowaçlyk eçilsin!
Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň ähli halkyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy iberýärin.
Goý, adamzadyň belent ahlaklylyk hem-de şepagatlylyk, hoşniýetlilik, duýgudaşlyk ýaly beýik gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan musulmanlaryň bu sahawatly baýramy parahatçylyk we rowaçlyk getirsin!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi baýram mynasybetli ýene bir gezek gutlap, Size berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Oraza baýramy bilen gutlaýaryn!
Şeýh Hasina,
Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymlydyr.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk hem-de bagt, ähli musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Raşid Al-Maktum,
Birleşen Arap Emirlikleriniň
wise-prezidenti, Premýer-ministri,
Dubaý Emirliginiň häkimi.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, ähli musulman ymmatyna gülläp ösüş hem-de abadançylyk dileýärin.
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň
Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň orunbasary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin hormatdyr.
Beýik Biribardan dünýäniň musulmanlarynyň ählisiniň aýat-dogalaryny kabul etmegini hem-de olara parahatçylyk, jebislik we gülläp ösüş eçilmegini dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk hem-de dostlukly halkyna bolsa öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw edýärin.
Abdulla Abdulla,
Owganystan Yslam Respublikasynyň
Milli ylalaşyk boýunça Ýokary geňeşiniň başlygy.
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy (turkmenistan.gov.tm)