SAHNA SUNGATYNYŇ MUŞDAKLARYNYŇ BAÝRAMY: TÜRKMEN TEATRLARYNYŇ IŇ GOWY IŞLERINIŇ GÖZDEN GEÇIRILIŞI
Ýurduň Baş drama teatrynda 12-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaplary boýunça döredilen iň gowy sahna eserleriniň milli bäsleşiginiň dabaraly açylyşy boldy.
Ýurduň teatrlarynyň onusynyň çeper ýolbaşçylary, režissýorlary, şeýle hem ýaşuly aktýorlary teatr sungatynyň ösüşiniň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Welaýat teatrlarynyň wekilleri gözden geçirilişe internet arkaly gatnaşýarlar.
“Türkmen teatr sungaty” bäsleşiginiň ýeňijileri:
- iň gowy erkek roly,
- iň gowy aýal roly,
- iň gowy epizodik rol,
- iň gowy sahna suratkeşi,
- iň gowy saz bezeýji,
- ýaş zehin,
- tomaşaçynyň söýgüsini gazanan--
ugurlar boýunça kesgitlener.
Bäsleşige hödürlenen sahna oýunlary paýtagtyň ähli teatrynda görkeziler. Bu eserlerde parasatly tymsallar, rowaýaty şahsyýetler baradaky kyssalar, ruhyýet, watanperwerlik we milli agzybirlik temasy, hoşniýetli goňşuçylyk we päk ahlaklylyk öz beýanyny tapar. Eminlere we myhmanlara görkezilen ilkinji bäsleşik işi Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň “Soltanyň dogruyçyllygy hakynda rowaýat” atly oýny boldy. Dramaturg Batyr Batyrow we režissýorlar: professor Annamyrat Saparmuhammedow hem Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow sahnanyň edebi esasy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ýordumyny saýlap alypdyrlar. Perde galdyrylandan tomaşaçylar orta asyrlar eýýamyna düşne ýaly bolýarlar.
... Bir Soltan bar eken. Günlerde bir gün ol halkyň öz hökümdaryna garaýşyny bilmek üçin, pukara geýimine girip, bazara ugraýar. Sada halkyň pikiri ony geljekde tutuş ýurda mynasyp şa bolmagy üçin,welaýatlarynyň birini ogly Şageldä bermäge iterýär.
Emma bu goňşy ýurduň soltanyna ýaramaýar. Ol Şageldini hile bilen ýesir alyp, zyndana atmagy buýurýar. Eger Şageldiniň wepaly dostlarydyr söýgülisi bolmadyk bolsa, onda bu pajygaly wakanyň nähili gutarjagy belli däl.
Kyssanyň ahyrynda Şageldi diňe bir özüne ynanylan welaýatyň häkimi bolman, eýsem edermen gözel gyz Gülşirine-de öýlenýär.
Oýna esasan medeniýet institutynyň 3-4-nji ýyl talyplary gatnaşýarlar, ilkinji ýyl talyplary bolsa diňe köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýärler. Tomaşaçylar geljekki aktýorlara mynasyp baha berýärler: olar zehin we zähmet siňdirip ýaşuly gahrymanlaryň keşbini ynanydyryjylykly döredipdirler.
Mundan soň myhmanlary Alp Arslan adyndaky türkmen milli drama teatry kabul etdi. Olar türkmen halkynyň şöhratly ogullarynyň biri barada söz açýan “Seýitnazar Seýdi” atly drama bilen bäsleşige gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň şägirdi, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi ömrüni türkmen halkynyň birleşmegine, agzybirligine bagyşlapdyr.
Pýesanyň awtory Gadam Kakabaýew hünäri boýunça dramaturg däl. Seýdiniň gahrymançylykly keşbini sahnada janlandyrmagy maksat edinen teatryň çeper ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew awtory bu pýesany ýazmaga höweslendiripdir.
... Duşman türkmenlere agyr şert teklip edýär: olar öz hanlaryny belläp, salgytlary artdyrýarlar. Eger 7 günüň dowamynda tükmenler boýun egmeseler, duşman güýç ulanmakçy.
Näme etmeli? Çagyrylan geňeş iň soňky damja ganyňa çenli Watany goramaly diýen karara gelýär.
Betbagtlyk ýeke gelmeýär. Duýdansyz sataşan ýowuz kesel Seýdiniň ýaş iki çagasyny elinden alýar.
– Bu gün ogullarymyň agysyny aglamaga hakym ýok. Men Watany goramaly – diýip, jogap berýän Seýdi şahyr il-güne, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna watanperwer adamyň nähili bolmalydygyny görkezýär.
Seýitnazar Seýdiniň keşbini aktýor Döwran Hojageldiýew ussatlarça ýerine ýetirýär, ol oýunda diňe bir baş roly ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, dutar çalyp, aýdym hem aýdýar. Sahna bezegini ýerine ýetiren Mekan Annamyradow ömrüň we nesilleriň üzülmez gatnaşygynyň nyşany hökmünde bu oýunda orunda daragta esasy orun beripdir, şeýdibem watançylyk temasyna kybapdaş bezeg döredipdir.
Tamara GLAZUNOWA, Swetlana ÇIRSOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN