BAH WE SAKSOFON. ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBINIŇ MUGALLYMLARYNYŇ SAZ SOWGADY

Maýa Kulyýewa adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň Kiçi zalynda bu okuw jaýynyň mugallymlary sazly medeni çäräni guradylar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan medeni çäräniň meýilnamasy häzirkizaman türkmen kompozitorlary Wera Abaýewanyň we Aýna Şirowanyň, şeýle hem daşary ýurtly Jorj Bize, Iogann Sebastýan Bah, Sezar Frank, Pol Dezmond we Astor Pýassolla ýaly meşhur kompozitorlarynyň eserlerinden düzülipdir.
Çykyşlar üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Ähmet Abaýewiň ýerine ýetiren «Аdažio» kompozisiýasy bilen başlandy.
Soňra Aýlar Bataýarowa skripkada we Jeýhun Babaýew bolsa fortepianoda iki bolup Sezar Frankyň «Sonatasyny» ýerine ýetirdiler. «Orkestr bilen klarnet üçin konsertiň» birinji bölümini Elhan Agaýew ezberlik bilen çaldy. Oňa Näzik Hojamuhammedowa sazandarlyk etdi.
Ähmet Abaýewiň saksafonda Bahyň sonatalarynyň birini çalmagy köpleriň göwnünden turdy, zala ýygananlaryň ählisi oňa el çarpdylar.
Bu çykyşdan soňra sahna mekdebiň direktory Türkmenistanyň halk artisti Berdinyýaz Babanyýazow çykdy we dilli tüýdükde türkmen halk sazyny ussatlyk bilen çaldy.
Pianinoçy Diana Melkumowa tomaşaçylara türkmen kompozitory Wera Abaýewanyň «Aýralyk» atly sazyny teklip etdi.
Çykyşlaryň bir bölümini ýigriminji asyryň tango we jaz sazlary düzdi. Guramaçylar bu bölüme birnäçe sazlary goşupdyrlar. Astor Pýassollanyň «Таngosyny» Gözel Seýitnyýazowa skripkada hem-de Ýekaterine Çižowa wiolonçelde ýerine ýetirdi.
Arslan Aşyrowyň ýekelikde depreklerde çalan ençeme jaz eserleriniň awtory kompozitor Pol Dezmondyň «Hany, bäşe çenli sanalyň» atly joşgunly sazy tomaşaçylary haýran galdyrdy.
Soňra sahna Оktaý Najafow (bas-klarnet), Elhan Agaýew (klarnet), Gülälek Akmyradowa (fleýta), Rahman Hojamgulyýew (fagot), Аhmat Abaýew (goboý), Jöwlan Gurbanow (waltorna) we Diana Melkumowa (fortepiano) dagydan ybarat topary çykýar. Topar diňleýjilere bu günki çykyşlary jemleýän iki sazy: Jorj Bizäniň «Kаrmen» operasyndan tomaşaçylara giňden mälim bolan «Habanera» we Wera Abaýewanyň «Вahar mukamyny» ýerine ýetirdiler.
Çykyşlar tamamlansoň ony guraýjylaryň biri, üflenip çalynýan saz gurallary bölüminiň ýolbaşçysy Oktaý Najafow bu medeni çäräniň esasy maksadynyň bir konsertde nusgawy we ХХ asyryň depginli ritmlerini, şeýle-de häzirkizaman türkmen kompozitorlarynyň sazlaryny ýerine ýetirmekden hem-de diňleýjilere hödürlemekden ybaratdygyny aýtdy.
Şonuň ýaly-da, Oktaý mekdebiň mugallymlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertine-de taýýarlanýandyklaryny aýtdy.
Roman TEPLÝAKOW
Surata düşüren: Аlekseý GIMALETDINOW
Bah we saksofon. Ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň saz sowgady (turkmenistan.gov.tm)