RF-IŇ ASTRAHAN OBLASTYNDAKY MAGTYMGULY ADYNDAKY MEKDEP ÜÇÝYLLYGYNY TOÝLAÝAR

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýa we Baýdak Güni, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň açylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Çäre Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň goldamagynda geçirildi.
Dabara Russiýanyň DIM-iň Astrahandaky Wekilliginiň ýolbaşçylary we Halkara gatnaşyklary agentliginiň wekilleri, munisipalitetiň deputatlary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň hem-de bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.
Powolžýe raýonynyň Funtowo obasynyň Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary bu dabaraly medeni çäräniň bezegi boldy. Konsertde folklor kompozisiýalary görkezildi we Magtymgulynyň goşgulary labyzly okaldy. Konsertiň ahyrynda gadymyýetden gelýän ýörgünli türkmen tansy ─ “Küştdepdi” ýerine ýetirildi.
RF-iň Astrahan oblastyndaky Magtymguly adyndaky mekdep üçýyllygyny toýlaýar (turkmenistan.gov.tm)