DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara wideomaslahaty şanly senä — türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geçirilen baýramçylyk forumyna dünýäniň dürli döwletleriniň — goňşy hem-de beýleki sebitleriň paýtagtlarynyň we şäherleriniň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şu günki maslahatyň şanly seneleriň öňüsyrasynda, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda geçirilmeginiň uly manysy bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de umumy bähbidiň hatyrasyna netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Aşgabat şäherine şol ugruň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli beýany diýmek bolar. Aşgabat paýtagt şäher hökmünde ykrar edilip, bu ýerde dostluk, doganlyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik ýörelgeleri dabaralanýar.
Paýtagt döwletiň we milletiň buýsanjydyr, ata Watanymyzyň ýüregidir. Döwlet Baştutanymyzyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady bolup, onuň sahypalarynda paýtagtymyzyň şöhratly taryhy, şu güni we geljegine tarap batly gadamlary öz beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheriniň gülläp ösmegini üpjün edýän hem-de halkara abraýynyň artmagyny şertlendirýän düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ýerde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy we hereket edýär. Ol Aşgabat şäheriniň sebitiň ylalaşdyryjy merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen paýtagtymyz dünýäniň ýaşamak üçin owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Bu gün halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde hem giňden tanalýan paýtagtymyz sebit we dünýä derejesindäki möhüm maslahatlarydyr iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabat dünýäde ak mermere beslenen binalaryň köp sanlysyny özünde jemleýän şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Milli Liderimiziň başyny başlan ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, paýtagtymyzyň häzirki binagärlik keşbi kemala geldi hem-de Watanymyzyň işewürlik, ykdysady we medeni merkezi hökmünde abraýy belende galdy. Şäheriň çägi ýylsaýyn giňelýär, giň gerimli “Aşgabat-siti” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bolsa, ol häzirki zaman ýokary tehnologiýaly megapolisiň derejesinde öz ornuny has-da pugtalandyrar.
Aşgabat dünýäniň dürli şäherleri we sebitleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar. Bu bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Häzir şol köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de netijeli tejribe alyşmak üçin ähli şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly hyzmatdaşlyga täze güýç berjek, doganlaşan şäherleri we olaryň ýaşaýjylaryny has-da ýakynlaşdyrmaga, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň däbe öwrülen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek foruma gatnaşýandyklary üçin daşary ýurtly wekillere hoşallyk sözleri beýan edildi.
Maslahata gatnaşyjylara Aşgabat, taryhyň häzirki döwründe onuň gazanan üstünlikleri hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän wideorolik görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, bu ýerde toplumlaýyn täzeçillik konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, eziz Diýarymyzyň baş şäheri okgunly özgerýär, düzümi döwrebaplaşdyrylýar, adamlaryň oňaýly ýaşamagy üçin amatly şertler döredilip, şunda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Täze özboluşly, durmuş-ykdysady hem-de beýleki maksatly desgalar bilen ýylsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binalary aşgabatlylaryň we ähli türkmenistanlylaryň ýürek buýsanjydyr. Daşary ýurtly myhmanlaryň, syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň Aşgabada gyzyklanmasy barha artýar. Türkmen paýtagtyny ÝUNESKO-nyň “Dizaýn” ugry boýunça şäherleriň döredijilik toruna girizmek baradaky hödürnamanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzüminiň (ÝUNESKO) Sekretariaty tarapyndan resmi taýdan kabul edilmegi bolsa, diýseň guwandyryjy waka boldy.
Bir söz bilen aýdylanda, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň depginini artdyrmak bilen, Aşgabat şäheri eziz Diýarymyzda bolup geçýän hemmetaraplaýyn oňyn özgerişlikleriň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Wideomaslahat görnüşinde geçirilen forumyň barşynda Aşgabadyň dostlaşan hem-de doganlaşan şäherleriniň häkimlikleriniň, munisipal we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Maslahata Kabul (Owganystan Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Albukerke (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Pekin we Lançžou (Hytaý Halk Respublikasy), Tendo (Ýaponiýa), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Nur-Sultan (Gazagystan Respublikasy), Bişkek (Gyrgyz Respublikasy), Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinden hem-de Astrahan oblastyndan (Russiýa Federasiýasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Kişinýow (Moldowa Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) şäherlerinden wekiller gatnaşdylar.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, şeýle hem ähli türkmenistanlylary Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ähmiýetli ornuny, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandyny bellediler. Baý taryhy geçmişi bolan hem-de bu gün dünýä derejesindäki megapolise öwrülen, tehnologik ösüşleriň we innowasiýalaryň merkezine eýe bolan Aşgabadyň milli Liderimiziň alyp barýan, dünýä giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň belent abraýyny şertlendiren döredijilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasyny alamatlandyrýandygy nygtaldy.
Aşgabadyň dostlaşan hem-de doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza forumy geçirmek üçin şertleriň döredilendigi hem-de netijeli sebit we halkara gatnaşyklary ösdürmekde berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidentine alyp barýan giň gerimli asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar (turkmenistan.gov.tm)