MAGTYMGULY ADYNDAKY TEATRDA KAMERA SAZLARY ÝAŇLANDY

20-nji maýda Magtymguly adyndaky sazly drama teatrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlar topary Antonin Dwožagyň, Ýogannes Bramsyň we Ernst Blohuň eserleriniň saz agşamyny gurnadylar.
Agşamyň meýilnamasyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow düzdi. Çykyşlarda: Antonin Dwožagyň «Ikinji fortepiano kwarteti», Ýogannes Bramsyň «Wiolonçel üçin 1-nji Sonatasy» we Ernst Blohuň «Fortepiano kwinteti» diňleýjilere hödürlendi.
Şu ýyl 180 ýaşy bellenýän çeh kompozitorynyň eserlerini ýerine ýetirmek üçin sahna: Bahram Dolyýew (skripka), Tаhyr Ataýew (аlt), Ýusup Gandymow (wiolonçel) we Wladimir Mkrtumow (fortepiano) çykdylar.
Kompozitor bu eserinde esasy wasp edýän duýgylaryny fortepiano arkaly tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirmek isläpdir. Çünki bu saz guralynyň on dokuzynjy asyryň soňky onýyllygynyň romantiki äheňlerini doly beýan etmek üçin uly artkmaçlyklary bar.
Kwartetiň ýokary ussatlykda ýerine ýetirilmegini tomaşaçylar şowhunly el çarpyp garşyladylar.
Mundan soňra diňleýjiler Bramsyň sonatasyny diňlediler. Romantika kamera sazynyň elegiýa öwüşginli nusgasyny Nury Halmämmedow adyndaky halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Baýmyrat Gutlymyradow birkemsiz ýerine ýetirdi we oňa Wladimir Mkrtumow fortepianoda sazandarlyk etdi.
Agşamyň soňunda Ernst Blohuň «Fortepiano kwinteti» ýaňlandy. Bu sazy çalmak üçin öňki sazandalara ezber skripkaçy Hezret Reýimbaýew hem goşuldy.
Kamera sazlarynyň agşamy ony diňlänlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çykyş edenlere öz minnetdarlygyny beýan edip tomaşaçylar esli wagtlap yzyny üzmän el çarpyp, olaryň birnäçe gezek çahna çykmaklaryny haýyş etdiler.
Roman TEPLÝAKOW
Surata düşüren Süleýman ÇARYÝEW
Magtymguly adyndaky teatrda kamera sazlary ýaňlandy (turkmenistan.gov.tm)