BAHAR KALPLARDA NAGMA KAKÝAR: AŞGABATDA GDA HALKLARYNYŇ AÝDYM-SAZLARY ÝAŇLANDY

photo

Şenbe agşamy Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan» kinokonsert zalynda aýdym-sazly dabara geçdi.

Meşhur aýdymçy, mahmal soprano sesli Wera Bazarowanyň ýerine ýetirmeginde ermeni, belorus, ukrain, gazak, özbek, moldawan, rus we türkmen dillerinde aýdymlardyr romanslar ýaňlandy.

Roýalyň başyna ajaýyp pianinoçy, halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa geçýär. Şunlukda hem sahnada bu özüne çekiji klawişli guraly göreniňden şirin owazlaryň deňziniň tolkunlarynyň hümmüşine nädip aralaşanyňy duýman galýarsyň.

Wera Bazarowa ýurdumyzyň tanymal opera aýdymçysy, şonuň üçin-de, ol bu baýramçylyk konsertini opera ariýalary bilen başlamagyň kararyna geldi. Ol «Suw perisi» operasyndan Olganyň aýdymyny, «Trawiata» romantiki tragediýasyndan Žorj Žermonyň ariýasyny we Juzeppe Werdiniň «Bal-maskarad» operasyndan ajaýyp parçany ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Agşamyň nusgawy bölüminiň dowamy hökmünde ýaş zehin, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, pianinoçy Merjen Amanowa kompozitor Frederik Şopeniň «1-nji Balladasyny» we Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» sazyny çalyp tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Konsert klassika-nusgawy eserlerden emaý bilen halk döredijiligine geçdi. In di tomaşa zalynda «Wolga derýasy» atly rus, «Ýagmyrjyk» atly ukrain we «Züleýha gözüni açýar» atly teleserialdan «Aý, bilbilim» atly tatar halk aýdymynyň heňi ikiýana tolkun atdy.

«Namanganyň almasy» atly özbek halk aýdymynyň ilkinji akkordlary ýaňlanan dessine tomaşaçylary şatlyk gurşady, saz muşdaklarynyň käbirleri aýdyma goşylyp oturan ýerlerinde tans etdiler. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Wera Bazarowa şu konsert üçin aýdymlaryň sözlerini olaryň ene dilinde ýörite öwrenipdir.

Gazak walsy, Tbilisi hakyndaky gürji aýdymy, Nury Halmämmedowyň «Haýrana galar» atly romansy zaldakylaryň hiç birini biperwaý goýmady. Zal aýdymçyny el çarpyşmalar bilen alkyşlady, ony gutlamak üçin elleri gül desseli çagalar yzyny üzmän sahna ylgap çykdylar.

Baýramçylyk çykyşy täzeliksiz geçmedi. Myhmanlaryň arasynda Wera Bazarowanyň gyzy hem-de şägirtleri hem bardy. Aýdymçy öz gyzyna we köpsanly şägirtlerine Roza Kanyginanyň sözlerine döredilen bir aýdymy bagyşlady. Ýürekleri gobsundyryjy owazlar gelenleriň köpüsiniň gözüne ýaş aýlanmagyna sebäp boldy.

Mundan soňky döredijilik arzuwlary barada soralanda, aýdymçy Wera Bazarowa şägirtleri bilen bilelikde operettalaryň ikiçäk aýdyşyklaryndan sazly çykyşy taýýarlamagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Swetlana ÇIRSOWA

Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Bahar kalplarda nagma kakýar: Aşgabatda GDA halklarynyň aýdym-sazlary ýaňlandy (turkmenistan.gov.tm)