“MENIŇ KAKAM” – FILM NÄHILI DÖREDI: ARSLAN EÝEBERDIÝEW BILEN SÖHBETDEŞLIK

photo

Ýaňy tamamlanan “Aşgabat bahary” gysga metražly film bäsleşigi täze zehinleri ýüze çykardy. “Meniň kakam” filmi iki ugurda: iň gowy aýal roly we eminleriň saýlan eseri hökmünde üstünlik gazanyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Bu kinokyssanyň ssenarisiniň awtory, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň režissýory Arslan Eýeberdiýew “AA”-yň habarçysy bilen söhbetdeşlikde onuň döreýşi hakda gürrüň berdi. Kartina kiçijik gyzjagazyň kakasyna bolan söýgüsi barada söhbet açýar. Awtor özüniň bu filmi surata düşürmek pikirine nähili ýagdaýda gelendigini we surata düşürmek işiniň geçişini şeýle beýan edýär:

... Çagajyk işden gelmeli kakasyna garaşýar, emma onuň gelerine çenli oturyp we oňa gürrüň beresi gelýän kän zady gürrüň berip bilmän, uklap galýar. Ertesi gün hökman ir gelmäge gyzyna söz berip, kakasy ýene-de işinde gijä çenli eglenýär. Ine, bir gün sada gyzjagaz özüne sowalga diýlip berlen pullary ýygnap, olary kakasyna berýär-de: “Maňa kaka gerek!” diýýär. Çaganyň bu hereketi kakasyny çynlakaý oýlanmaga mejbur edýär...

 – Filmiň baş pikiri kelläme işdekäm geldi, – diýip, Arslan Eýeberdiýew gürrüň berýär. – Surata düşürmek işi ähli wagtymy diýen ýaly alýar. Şonuň üçin, sähelçe boş wagtym bolsa, öýe jaň edip, aýalymyň we çagalarymyň ýagdaýyny soramaga çalyşýaryn. Bir gün jaňyma gyzym jogap berdi-de: “Sen bu günem giç geljekmi?” diýip sorady. Gyzymyň aladaly sesi meni gysga metražly şu film üçin ssenariý ýazmaga iterdi.

Režissýoryň wagty diňe ssenariý ýazmaga ýetensoň, ol bu filmi surata düşürmegi Nurýagdy Şyhyýewe ynandy. “Durmuş kyssalary” filminiň operatory we Arslanyň kärdeşi dessine bu pikiri durmuşa gçirmäge girişdi. Baş gahrymanyň roluna Arslanyň gyzy alty ýaşly Enaýjygy çagyrmagyň kararyna geldiler.

– Bize ilki  bu roly hiç kim ýerine ýetirip bilmejek ýaly göründi, sebäbi işden gelmeli kakaňa garaşmagyň nämedigine hemme çagalar doly düşünip barmaýar, – diýip, režissýor söhbetini dowam edýär. – Ýeňiş gazanarys öýdemzokdyk, ýöne filmi alman bilmedik. Surata düşürmek işi iki günümizi aldy, emma, ony montaž etmek üçin has köp işlemeli boldy. Men bäsleşige kimleriň gatnaşýandygyny bilemokdym, çünki eminleriň karary adalatly bolar ýaly, bäsleşige hödürlenýän işleri kimiň döredýändigi anyk görkezilmeýärdi

 Netijede, “Meniň kakam” filmi bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. “Eminleriň saýlany” baýragyny Nurýagdy Şyhyýew aldy, Enaý Eýeberdiýewanyň ilkinji aktýorlyk işi bolsa “Iň gowy aýal roly” hökmünde bellendi.

Tizden men täze filmiň üstünde işläp başlaryn. Häzir bolsa täze başlaýan ýaş režissýorlara özlerine ynanmaklaryny, bir zatlar başa barmasa, işden ellerini sowatmazlygy we hemişe ýeňşe ymtylmagy arzuw edýärin! 

“Meniň kakam” – film nähili döredi: Arslan Eýeberdiýew bilen söhbetdeşlik (turkmenistan.gov.tm)