img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

KAZANYŇ WE BUHARESTIŇ ÝOKARY OKUW JAÝLARYNYŇ WEKILLERI TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ TOÝUNA BAGYŞLANAN WIDEOFORUMA GATNAŞDYLAR

photo

Türkmen‌ ‌döwlet‌ ‌ykdysadyýet‌ ‌we‌ ‌dolandyryş‌ ‌instituty‌ ‌Aşgabadyň‌ ‌140‌ ‌ýyllygyna bagyşlanan‌ ‌onlaýn‌ ‌halkara‌ ‌maslahatyny‌ ‌geçirdi.‌ ‌ ‌

Türkmen döwlet ykdysadyýet‌ ‌we‌ dolandyryş‌ ‌instituty‌ ‌bilen‌ köp wagt bäri özara gatnaşyk saklaýan‌ ‌ýokary‌ mekdepler, şol‌ sanda ‌Kazan ‌(Priwolžýe) ‌federal ‌uniwersiteti‌ ‌we‌ ‌Buharestiň‌ ‌ykdysady‌ ‌ ylymlar‌ ‌uniwersiteti‌ hem bu baýramçylyk duşuşygyna ‌gatnaşdylar. ‌

‌Kazan‌ ‌federal‌ ‌uniwersitetiniň‌ ‌prorektory‌ ‌Timirhan‌ ‌Alyşewiň‌ ‌Türkmenistan‌ ‌bilen‌ ‌Tatarystan‌ ‌Respublikasynyň‌ ‌ylym-bilim‌ ‌pudagyndaky‌ ‌hyzmatdaşlygyna‌ ‌bagyşlanan‌ ‌çykyşy‌ ‌maslahata‌ ‌gatnaşanlarda‌ ‌uly‌ ‌gyzyklanma‌ ‌döretdi. Timirhan ‌Alyşew ‌Tatarystanyň‌ ‌okuw ‌jaýlarynda‌ ‌Türkmenistanyň‌ ‌ykdysadyýetiniň‌ ‌dürli‌ ‌pudaklary‌ ‌üçin‌ ‌ökde‌ ‌hünärmenleriň taýýarlanýandygy ‌barada‌ ‌giňişleýin gürrüň‌ ‌berdi.‌ ‌

Türkmen‌ ‌döwlet‌ ‌ykdysadyýet‌ ‌we‌ ‌dolandyryş‌ ‌instituty‌ ‌bilen‌ ‌Kazan‌ ‌(Priwolžýe)‌ ‌federal‌ ‌uniwersitetiniň‌ ‌arasyndaky‌ ‌işdeşlik‌ ‌2019-njy‌ ‌ýylyň‌ ‌23-nji‌ ‌iýunynda‌ ‌gol‌ ‌çekilen‌ Hyzmatdaşlyk‌ ‌baradaky‌ ‌ylalaşygyň‌ ‌çäklerinde‌ ‌amala‌ ‌aşyrylýar.‌ ‌ ‌

Kazanyň we Buharestiň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri türkmen paýtagtynyň toýuna bagyşlanan wideoforuma gatnaşdylar (turkmenistan.gov.tm)