GDA ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI 12-NJI NOÝABRDA BIŞKEKDE GEÇER

GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 12-nji noýabrynda Bişkek şäherinde geçiriler. Bu barada anna güni Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy – GDA ýurtlarynyň Ýerine ýetiriji kätibi Sergeý Lebedew hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.
GDA ýurtlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy: «Gyrgyzystan Respublikasynyň teklibi boýunça kiçi formatda geçirilen mejlisde Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky güýzki mejlisini 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Bişkek şäherinde geçirmek karar edildi» - diýip, belledi.
S.Lebedew wekilleriň ýolbaşçylarynyň kiçi formatdaky mejlisinde GDA ýurtlarynyň arasynda wajyp ykdysady meseleler boýunça özara pikir alyşmalaryň hem guralandygyny aýtdy. Ol: «Täze ideýalar we teklipler orta atyldy. Iň esasy-da, bu ideýalaryň we teklipleriň ählisi GDA ýurtlarynyň çäginde özara hyzmatdaşlygy saklamaga we ony kämilleşdirmäge gönükdirildi» - diýdi.
GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlarynyň Minskde geçen Geňeşiniň mejlisinde maliye-ykdysady topluma gözegçilik edýän wise-premýer G.Müşşikow Тürkmenistanyň adyndan wekilçilik etdi.
«AA» habarçysy
Surat GDA-nyň Ispolkomynyň saýtyndan alyndy