ÝEKATERINA ROŽDESTWENSKAÝANYŇ KITABYNYŇ BIR BABY «GARAGUMUŇ ÝALKYMYNA» WE TÜRKMEN TAGAMLARYNA BAGYŞLANYPDYR
Sank-Peterburgyň köşk meýdançasynda «Kitap salony – 2021» atly uly edebi festiwal geçýär. Bu halkara forum indi 15-nji gezek geçirilýär we bu gün medeni meýdançada GDA-dan, Aziýadan, Ýewropadan kitap sergisine iberilen täze eserler görkezilýär.
Meýilleşdirilen köpsanly çäreleriň arasynda – Ýekaterina Roždestwensakaýanyň «Nahara gelerin. Meniň geografiýa dahylly kyssam» atly kitaby-da bar.
Tanymal şahyr Robert Roždestwenskiniň gyzy ýazyjy, fotosuratçy Ýekaterina özüniň täze işinde dürli ýurtlara syýahaty we bu saparlarda dadyp gören tagamlary barada jikme-jik gürrüň berýär.
Tbilisiden Bakuwa, Londona we Aşgabada çenli geçen uly gezelenç ýazyjynyň hem geografiýadan, hem milli tagamlardan alan täsirlerini öz içine alýar. Kitapda dürli halklaryň milli tagamlarynyň taýýarlanyş düzgünleri jemlenipdir. Türkmenistana aýratyn bir bap bagyşlanypdyr.
Ýekaterina Roždestwenskaýa 2016-njy ýylda Türkmenistana «Kitap – hyzmatdaşlygyň we öňe gidişligiň ýoly» atly sergi-ýarmarka gatnaşmaga gelipdi. Biziň ýurdumyzda bolanda, özi üçin köp gyzykly we geň zatlary açan ýazyjy iň soňunda şolary okyjylar bilen paýlaşmak kararyna gelipdir.
Swetlana ÇIRSOWA