TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

photo

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.

Zolakda ýerleşýän ähli myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi we olar zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi, şeýle-de bu ýerde ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara işe kabul ediljek işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi we olara sanjym edildi.

Syýahatçylyk zolagynyň çäginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokadynyň işi degişli tertipde ýola goýuldy. Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalaryň awtoulaglarynyň hyzmatlary göz öňünde tutuldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy. “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.

Şeýle hem syýahatçylyk zolagynda zyýansyzlandyryş işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Dolandyryş merkezi tarapyndan öňde goýlan wezipeleri birkemsiz çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Deňiz şypahanasynyň desgalarynda işleri ýola goýmagyň çäklerinde, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütleri berjaý etmek arkaly, öňüni alyş çäreleri amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe Dolandyryş merkezi tarapyndan zolakda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, dynç alyş möwsüminde zolagyň epidemiologiýa ýagdaýy yzygiderli seljerilmelidir.

Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 14-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde berlen tabşyryklaryň degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan doly ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.

Sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz Dolandyryş merkeziniň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň hasabatyny diňledi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi. Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.

Şeýle hem möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şu maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da, wideogözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy babatda çäreler görüldi. Suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy. Guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.

Dolandyryş merkeziniň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimliklerinde döredilen şahamçalarynda nobatçylyk guralyp, ýüz tutýan raýatlara degişli maslahatlar berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler üçin wagyz-ündew çäreleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynda türkmenistanlylaryň howpsuz hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli kadaly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bellenen kadalary, bildirilýän talaplary we arassaçylyk düzgünlerini hemmeleriň berk berjaý etmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz barlag-gözegçilik nokadynyň takyk işlemegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, türkmenistanlylaryň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wajyp we jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi (turkmenistan.gov.tm)