RESUL GYLYJOW: DIŇLENMÄGE MYNASYP ÜÇ KONSERT...

6-njy iýunda sagat 19-da Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Çarli Çapliniň «Oglanjyk« filmi» atly konsert bolar. Çäre «Oglanjyk» atly doly metražly sözsüz amerikan filminiň görkezilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar. Bu tragikomediýanyň Çarli Çaplin üçin aýratyn ähmiýeti bardy: filmde kinematografiýa ýyldyzy kompozitor, ssenariçi, režisýor, aktýor we produsser hökmünde çykyş edipdi.

– Biz paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin geçen ýyl Nebit-gaz medeiýet toplumynda ýerine ýetirilen we uly üstünlik gazanan «Çarli Çapliniň «Oglanjyk» filmi» atly konserti gaýtadan çalmagy niýet edindik, – diýip kamera orkestriniň dirižýory gürrüň berýär. – Diňleýjileriň käsi ony ilkinji gezek diňlese, käbiri Oglanjygyň we onuň atalygynyň düşýän çylşyrymly ýagdaýlaryny beýan edýän filmine sazy täzeden diňlemek islär.

13-nji iýunda sagat 19-da ýene şol teatrda «Nusgawy sazlar dünýäsine syýahat» atly konsert bolar. Diňleýjiler Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň ynsan söýgüsiniň ölçegi bolan iň owadan eserleriň biri hasaplanylýan «Romeo we Juýetta» uwertýura-fantaziýasyny diňlemekden lezzet alarlar. Ondan soň Sergeý Rahmaninowyň 2-nji simfoniýasynyň birnäçe bölegi ýaňlanar. Ýusup Öwezow fransuz saz impressionisti Klod Debýussiniň eserini çalar. Wolfgang Amadeý Mosartyň «Figaronyň öýlenmegi» operasyna uwertýura ýereine ýetiriler. Diňleýjiler türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden Rejep Rejebowyň Goboý we orkestr üçin ajaýyp konsertinden lezzet alarlar. Bu eser şeýle ýokary derejede ýazylypdyr welin, ony jahanyň islendik künjeginde hem ýerine ýetirse bolar. Goboý we orkestr üçin konsertiň çalynmagy şol bir wagtyň özünde Rejep Rejebowyň ýagty ýadygärligini hatyralamakdyr.

Üçünji konsert hem ozal agzalan ýerde 20-nji iýunda geçiriler. Uruş ýyllarynyň aýdymlary şol gazaply dört ýylyň güzaply günlerine hötde gelen adamlaryň durmuşyny beýan etmäge mümkinçilik berer.

Tamara GLAZUNOWA

Surata düşüren: Alekseý GIMALITDINOW

Resul Gylyjow: diňlenmäge mynasyp üç konsert... (turkmenistan.gov.tm)