6-NJY IÝUN BMG-DE RUS DILINIŇ GÜNI WE BEÝIK RUS ŞAHYRY A.S. PUŞKINIŇ DOGLAN GÜNI

Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biri – BMG-de alty resmi diller bolan : iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleriniň deňhukuklylygyny goldamakdyr.

ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilýän Ene diliň halkara gününiň öň ýanynda Jemgyýetçilik habarlary departamenti (häzirki Ählumumy kommunikasiýalar departamenti) Diller günlerini geçirmek barada karar kabul etdi.

BMG-de Diller günleriniň geçirilmeginiň maksady Guramanyň işgärleriniň arasynda BMG-niň resmi dilleriniň altysynyň her biriniň taryhy, medeniýeti we ösüşi barada habarlylygy ýokarlandyrmakdyr.

Medeni çäreler aýdym-sazlary we edebi eserleriň ýerine ýetirilmegini, bäsleşikleri, sergileri, estrada tomaşalaryny we medeniýet işgärleriniň çykyşlaryny, Milli tagamlar günlerini we folklor toparlarynyň çykyşlaryny, kinofilmleriň görkezilişini we BMG-niň resmi dilleriniň birini öwrenmek isleýänler üçin guralýan ekspress-sapaklary öz içine alýar.

Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň edebi döredijiligi gymmatlydyr. Onuň eserleri dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi.

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini, şol sanda milletara gepleşik dili bolan rus dilini öwrenmäge uly üns berilýär.

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ýagty ýadygärligine we döredijiligine uly sarpa goýulýar. Ýurtda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumy bilim berýän mekdep, döwlet rus drama teatry bar.

Aşgabatda şahyryň adyny göterýän köçede 1911-nji ýylda Puşkiniň ýadygärligi oturdyldy.

Rus dili türkmen mekdepleriniň ählisinde hökmany okadylýan dildir.

Türkmenistana gelýän rus dilli adamlarda dil babatda kynçylyk döremeýär, çünki ilatyň aglaba bölegi rus dilini bilýär. Türkmenistan 2023-nji ýyly GDA-da –Milletara gepleşik dili hökmünde Rus diliniň ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgüdi goldady.

Türkmenistanly mugallymlar rus dilini okadýan mugallymlaryň arasynda A.S. Puşkin adyndaky bäsleşigiň laureaty boldular. Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda rus dili we edebiýaty mugallymlary taýýarlanylýar.

Ýurtda rus dilinde gazetler we žurnallar, şol sanda merkezi «Нейтральный Туркменистан» gazeti neşir edilýär. Ýerli teleradioýaýlymlarda rus dilli gepleşikler berilýär. «Türkmenistan» halkara teleýaýlymy 7 dilde, şol sanda rus dilinde gepleşikler berýär. Döwlet neşirýat gullugy hem rus dilinde edebi kitaplarydyr okuw kitaplaryny çykarýar.

Rus dili Türkmensitanyň döwlet-jemgyýetçilik ulgamynda aýratyn orun tutýar. Rus dilli saýtlar we döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralarynyň resmi saýtlarynyň, şeýle hem Türkmensitanyň döwlet hyzmatlary portalynyň rus dilli görnüşleri bar.

Janmämmet GULAMOW

6-njy iýun BMG-de Rus diliniň güni we beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň doglan güni (turkmenistan.gov.tm)