SAZA BAGYŞLANAN ÖMÜR... SUHAN TÜÝLIÝEWIŇ DÖREDIJILIK ÝOLY

photo

7-nji iýunda türkmen kompozitory, ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew 65 ýaşynyň toýuny toýlady.

Suhan Alyýewiç şu günler hem özüniň 1981-nji ýylda tamamlan bilim ojagynda – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýär.

Geljekki kompozitor döredijilik ýoluna Ýolöten şäherinde sazçylyk mekdebiniň açylmagy bilen, mekdep ýyllarynda başlapdyr.

– Şol döwürde Türkmenistanda Mämi Çaryýewi meşhur eden akkordeon giňden ýaýrapdy. Ýaşlar akkordeon çalmagy öwrenmek isleýärdiler. Onsoň menem şol saz guralyna ýazyldym – diýip, ol gürrüň berýär.

Türkmen halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirilýän umumy bilim berýän orta mekdepde-de Suhan mekdebiň tüýdükçiler orkestrinde akkordeon çalýardy.

– Şol ýyllarda alan bilimimiň we eýe bolan endiklerimiň soň kompozitorlyk işimde maňa peýdasy degdi – diýip, Suhan Alyýewiç ýatlaýar.

Ol Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebinde zehinli kompozitor, dirižýor we mugallym Genrih Stanislawowiç Držewskiniň elinde «Hor dirižýorlygy» bölüminde okaýar. «Janly ensiklopediýa» diýilýän Genrih Stanislawowiç türkmen sazyny ýazýardy. Ol geljekki kompozitoryň durmuşynda esasy orny eýeleýär, professional saz dünýäsinde onuň üçin ýol görkeziji bolýar.

Suhan Tüýliýewiň bir arzuwy – kompozitor bolmak, halkyň kalbynda hemişelik orun aljak sazlary döretmek arzuwy bardy. Oňa sazçylyk mekdebinde soň dostlukly gatnaşyk saklan mugallymlary Aman Agajykow, Rejep Rejebow, ýokary okuw jaýynda bolsa professorlar Weli Muhadow, Rejep Allaýarow ýaly meşhur sungat işgärlerinden kompozitorlyk bilimini almak bagty miýeser edipdir.

Sazçylyk mekdebinde okan ýyllarynda Suhan Tüýliýew Rejep Rejebowyň halypalyk etmeginde özüniň ilkinji saz eserlerini – fortepiano üçin kiçeňräk dokuz pýesany ýazýar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň talybyka, ol iri eserleri – fortepiano üçin dramatik wariasiýalary, Nobatguyl Rejebowyň goşgusyna «Baky alawyň öňünde» kantatasyny we soňky ýylda bolsa simfoniýa döredýär.

1982-nji ýylda Suhan Tüýliýew SSSR kompozitorlar Birleşiginiň agzasy boldy. 1984-nji ýylda kompozitorlaryň “Iwanowo” döredijilik öýünde ol tanymal kompozitpor we mygallym Ýuriý Fortunatow bilen tanyşýar. Munuň özüniň mukaddes arzuwy bolandygyny Suhan Alyýewiçiň özi aýdýar. Hünär endiklerini kämelleşdirmek ugrunda jan edýän Suhan Tüýliýew 1985-nji ýylda professr Ýuriý Fortunowyň işleýän P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasyna tejribe toplamana gidýär. Moskwada okaýan döwründe ol Agageldi Allanazarowyň we Atajan Taganyň sözlerine hor hem simfoniki orkestr üçin «Parahatlyk hakynda aýdym» kantatasyny, şeýle hem «Bentler» diýen simfonik poemasyny düzýär.

Watana gaýdyp gelenden soň, Suhan Tüýliýew Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde işläp başlaýar. Soň konserwatoriýa işe geçip, özüniň komopozitorlyk işindäki baý tejribesini ýaşlar bilen paýlaşýar. Türkmen topragyny wasp edýän birnäçe simfonik, wokal-simfonik, kamera-instrumental eser onuň zehininiň önümidir.

Ol sazyň nazaryýeti boýunça birnäçe kitabyň ýazarydyr, şeýle hem türkmen halk sazynyň aýratynlyklary we olaryň kompozitorlyk döredijiligine edýän täsiri barada kandidatlyk dissertasiýasyny ýazýar

Suhan Tüýliýew «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesidir.

Aýjahan Ataballyýewa

Saza bagyşlanan ömür... Suhan Tüýliýewiň döredijilik ýoly (turkmenistan.gov.tm)