«GÜLKI AGŞAMY» GÜLKI PAÝLADY

photo

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Gülki agşamy» at bilen sahna oýny geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary şeýle-de uçurymlar tomaşa etdiler. Türkmenistanyň at gazanan artistitleriniň görkezen gülküli sowgatlaryny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Sahnanyň bütin dowamynda şadyýan gülki sesleriniň yzy üzülmedi.

Bu sahna teatrynda çykyşlaryň yzygiderliginde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp gyzy Bossan Amangeldiýewanyň ýerine ýetirmeginde halkaly şowhunly oýunlar gyzgyn el çarpyşmalar garşylandy.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Tahyrowanyň, Türkmenistanyň halk artisti Haýtmyrat Durdyýewiň we beýleki ýaş artistleriň çykyş etmeginde ýerine ýetirilen gysgajyk sahna oýunlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.

Azady Myradow

«Gülki agşamy» gülki paýlady (turkmenistan.gov.tm)