TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LEBAP WELAÝATYNYŇ ETRAP HASSAHANALARYNYŇ ÇAGALAR BÖLÜMLERINE «TIZ KÖMEK» AWTOULAGLARYNYŇ 10-SYNY BERDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Lebap welaýatynyň etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny berdi.
Munuň üçin döwlet Baştutany Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna bardy, bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli mübäreklediler.
Döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesil baradaky, onuň saglygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny bermek bilen bagly çözgüdi barada habar berdi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz lukmanlaryň biri bilen bolan söhbetdeşlikde halkymyzyň, aýratyn hem ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň mundan beýläk hem döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady we lukmanlara olaryň asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ýaş nesil baradaky alada we ýurdumyzyň lukmançylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.